Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çilim we spirtli içgiler çäklendirildi


2011-nji ýyldan başlap çilimleriň bahasy tas 5-6 esse dagy ýokary galdy.
2011-nji ýyldan başlap çilimleriň bahasy tas 5-6 esse dagy ýokary galdy.

Türkmenistanda temmäki we spirtli içgilere täze çäklendirmeler girizildi. Indi, 16-njy aprelden başlap, ýurda getirilýän temmäki önüminiň hem-de alkogolly içgileriň we piwonyň goşmaça töleg tölemekden boşadylýan möçberi azaldyldy.

Türkmenistanyň prezidentiniň 16-njy aprelde Türkmenistanyň Salgyt kodeksine üýtgetmeleri girizmek baradaky gol çeken kanunyna laýyklykda, ady agzalan kodeksiň 122-nji maddasynyň “ç” bölegi üýtgedilip, şahsy tarapyň özüniň sarp etmegi üçin 1,5 litr alkogolly içgileri we piwony, 2 guty çilimi goşmaça töleg tölemezden, gümrük çäklerine getirmegine rugsat berilýär.

Mundan ozal şahsy tarapyň özüniň sarp etmegi üçin 5 litr alkogolly içgileri we piwony, 10 guty çilimi goşmaça töleg tölemezden, ýurda getirip bolýardy. Bu kanunyň kabul edilmeginiň sebäpleri barada hiç hili resmi düşündüriş berilmeýär. Gürrüňi edilýän kanunda hem bu barada hiç hili düşündiriş ýok.

Töleg

Emma görkezilen möçberden artyk temmäki önümlerini getirenler harydyň gümrük bahasynyň 30%-ni, şol bir wagtda-da harydyň 1 gutusy üçin azyndan ABŞ-nyň 0,5 dollaryny tölemeli bolarlar. Düzüminde 20 %-e çenli we 20 %-den ýokary möçberdäki alkogol bolan üzüm çakyrlary we alkogolly içgileri artyk getirener bolsa harydyň gümrük bahasynyň 100%-ni, emma onuň 1 litri üçin azyndan 20-30 manat tölemeli bolarlar.

Spirtli içgiler taýýarlanylanda ulanylýan spirtiň 1 litri üçin bolsa 4 ABŞ dollaryny tölemeli. Ýurda getirilen 1,5 litrden artyk piwo üçin gümrükde gümrük bahasynyň 50%-i, emma 1 litri üçin azyndan 4 manat tölemeli bolar.

Temmäki we akogol içgilerine girizilen soňky çäklendirmeler bilen birlikde, 2011-nji ýyldan başlap çilimleriň bahasynyň tas 5-6 esse dagy ýokary galandygyny hem ýatlatsa bolar. Mysal üçin, şol wagt 3 manada duran “Donskoý tabak” çiliminiň bahasy häzir 18 manat.

Çilimiň gymmatlamagy

Iň soňky gezek çilimleriň bahasy şu ýylyň aprel aýynyň öňüsyrasynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport aýlygynyň öňüsyrasynda gymmatlady. Bu iň soňky gymmatlaşykdan soň çilimleriň bahasy 20% dagy ýokary galdy. Häzir çilimleriň köpüsiniň bahalary 20 manatdan ýokary galdy.

Mundan başga-da, 2011-nji ýyldan soň ýurda getirilýän temmäki önümleriniň assortimenti hem azaldy. Häzir ýurtda çilimiň 10 töweregi görnüşi satylýar.

Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSG) «Temmäkä garşy göreşmegiň» gyraňly Konwensiýasyna goşuldy. Bu konwensiýanyň 6-njy maddasynda beýan edilişine görä, temmäki önümlerine garşy salgyt we nyrh çäreleriniň ulanylmagy ilat arasynda çilime bolan islegiň kemelmegine ep-esli derejede täsir edýär diýlip bellenilýär.

Şol bir wagtda-da häzirki temmäki önümlerine we spirtli içgilere girizilýän çäklendirmeleriň Türkmenistanyň ýokarda agzalan gyraňly Konwensiýa goşulmagy bilen nä derejede baglydygy barada köpçülige hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG