Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şor posýolygynyň ilaty aladaly


Şor
Şor

Geçen şenbe Aşgabadyň etegindäki Şor daçalarynda ençeme ýüz adamynyň häkimiýetler tarapyndan jaýlarynyň ýumruljakdygy baradaky planlara garşy protest çäresini geçriendigi barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna resmi taýdan tassyklanmadyk maglumatlar gelip gowuşdy.

Bu etrabyň ýaşaýjylarynyň käbiriniň, efirde özüni atlandyrmazlyk şerti bilen beren maglumatlaryna görä, häkimiýet wekilleri 18-nji aprelde hojalyklara aýlanyp, olara öz jaýlarynyň howlularyny tämizlemegi buýrupdyrlar we, Çoganlynyň daçalary ýykylandan soň, bu taýdaky öýleriň hem ýumruljakdygyny aýdypdyrlar.

Emma häzirlikçe bu maglumaty başga bir garaşsyz çeşmelere tassyklatmak ýa-da resmi häkimiýetlerden Şor posýologynyň ýakyn geljegine degişli maglumat almak başartmady.

Azatlyk Radiosy Şordaky öýleriň ýykyljagy baradaky maglumatlar we onuň netijesinde “döredi” diýilýän protestler barada kommentariý almak maksady bilen “Berkararlyk” (ozalky “Azatlyk”) etrap häkimligi bilen habarlaşanda, bu meseleler boýunça “gürläp biljek degişli resmileriň ýokdugy” aýdyldy. ​

Soňky döwürde Aşgabadyň Çoganlydaky ilatly nokadynda jaý ýykylşyklar dowam edýär. Çoganlydan gowşan soňky maglumatlara görä, ýaşaýjylara geljek bäş günüň dowamynda öz tamlaryny sökmek we jaýlarynyň ýerini tekizlemek buýrulypdyr.

Bu ýykha-ýyklygyň sebäbi barada resmi taýdan halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär. Emma resmileriň halka beren duýduryşlaryndan çen tutulsa, bu mellek ýerleri ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga niýetlenmändir. Bu territoriýada aglaba welaýatlardan gelen türkmenistanlylaryň ýaşaýandygy hem nazara alynsa, häkimiýetler degişli “Aşgabat ýazgysy (propiskasy)” bolmadyklaryň paýtagtyň çäginde ýaşamaly däldigini ýörite duýdurypdyrlar.

Çoganlydan tapawutlylykda, Şordaky daçalaryň ýaşaýjylarynyň, umuman, Aşgabat etrabynda ýazgylary bar. Bu posýolokda adamlar onlarça ýyldan bäri ýaşaýarlar. Edil şu günki gün Şoruň ilatyny alada goýýan ýagdaý hakda resmi häkimiýetlerden hiç hili zerur maglumaty alyp bolmady.

XS
SM
MD
LG