Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan dartgynlylygynda merkezi aziýalylaryň roly


Owgan resmisi Gunduzda "Talyban" bilen barýan söweş mahalynda. 3-nji maý, 2015.
Owgan resmisi Gunduzda "Talyban" bilen barýan söweş mahalynda. 3-nji maý, 2015.

Soňky bir-iki aýlykda, Owganastanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen, şol sanda Türkmenistan bilen serhetleşýän Badgys, Badagşan, Farýap, Gunduz welaýatlarynda dartgynlylyk göz-görtele artdy we şol çaknyşyklar käbir welaýatlarda henizem dowam edýär.

Şol wakalarda söweşijiler bilen bir hatarda owgan esgerleri hem uly ýitgä duçar boldylar. Şol çaknyşyklaryň käbirlerinde söweşijileriň owgan esgerlerini zamun alansoň, olaryň kellelerini kesip öldürendigi ýaly habarlar hem eşidildi.

Şol wakalaryň ählisiniň Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän welaýatlarda bolşy ýaly, owgan resmileri jeňçileriň başladan bu täze hüjümlerinde merkezi aziýaly söweşijileriň hem esasy rol oýnandygyny habar berýärler.

Eýsem, demirgazyk Owganystanda başlan dartgynlygyň bu täze tapgyrynda Merkezi Aziýaly söweşijiler nähili rol oýnaýarlar? Olaryň sany näçeräk, olar Owganystana we regiona nähili howp abandyrýarlar?

Azatlyk Radiosy ýörite gepleşikler tapgyrynyň nobatdaky sanyny edil şu tema bagyşlady. Programma owgan resmileri bilen bir hatarda owgan parlamentiniň agzasy Şinkey Zehin Karokhil, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Owganystan boýunça synçysy Abubakir Sidiki we Metrkezi Aziýa boýunça synçysy Bruce Pannier dagy gatnaşýarlar.

Söhbetdeşligi Azatlyk radiosynyň müdiri Muhammad Tahir geçirdi.

Owgan dartgynlylygynda merkezi aziýalylaryň roly
please wait

No media source currently available

0:00 0:21:33 0:00

XS
SM
MD
LG