Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-Türkmenistan: Hyzmatdaşlykda adam hukuklaryndan ugur alynmaly


Awstriýanyň prezidenti Heinz Fişer
Awstriýanyň prezidenti Heinz Fişer

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň 12-nji maýda Awstriýa edýän saparynyň gün tertibinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle-de käbir halkara meseleleriniň maslahat ediljekdigi resmi maglumatlarda habar berildi, şeýle-de gepleşikleriň esasy temasynyň Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary bolup, energiýa meselesine aýratyn üns beriljegi aýdyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji maýda Wena saparynyň öňüsyrasynda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary Awstriýanyň prezidenti Heinz Fişere ýüzlenip, Türkmenistanda adam hukuklarynyň depelenýändigi bilen bagly alada bildirmäge ündediler.

'Seýrek pursady elden bermeli däl'

Fişer prezident Gurbanguly Berdimuhamedowdan Türkmenistanda 2000-nji ýyllaryň başynda tussag edilip, zor bilen ýitirim edilen onlarça adamyň ykbalyny aýdyňlaşdyrmagy soramak üçin seýrek pursaty elden bermeli däl diýip, Human Rights Watch (HRW) guramasy öz ýaýradan beýannamasynda ýazýar.

Maglumatda Türkmenistanyň dünýäde iň ýapyk we repressiw ýurtlaryň biridigi bellenýär.

2002-nji ýylyň noýabr aýynda ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmäge synanyşyk diýlen waka gatnaşykda aýyplanan, şeýle-de başga syýasy sebäplere görä tüssag edilen onlarça adamyň ykbaly şu günki güne çenli hatda garyndaşlaryna-da nämälim bolup galýar. Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň bilelikde alyp barýan “Olary diri görkeziň!” atly halkara kampanýasynyň sanawynda türkmen türmelerinde ýitirim bolan 60-dan gowrak adamyň ady görkezilýär we olar barada maglumat berilýär.

Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiri Reýçel Denber agzalýan beýannamada “Bu Awstriýanyň Berdimuhamedowyň öňünde onuň öz ýurdunda hiç kimiň gozgap bilmeýän meselelerini gozgamagy üçin seýrek bir mümkinçilikdir” diýip belleýär. Maglumatda türkmen häkimiýetleriniň ýitirim bolan onlarça adamyň gatryndaşlaryny tussag etmek, olary işden kowmak, emlägini elinden almak we ýurduň daşyna çykmagy gadagan etmek ýaly kollektiwleýin jezalandyryş usullaryny amala aşyrýandygy habar berilýär.

“Awstriýa [Ýewropa döwletleri bilen] ýakyn ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň adamlaryň zor bilen ýitirm edilmeginiň bes edilmegini we ýitirim edilenleriň maşgalalaryna [olaryň ykbaly barada] habar berilmegini talap edýändigini Türkmenistana açyk duýdurmaly” diýip, Reýçel Denber nygtaýar.

Wenada Awstriýanyň we Türkmenistanyň prezidentleriniň arasyndaky duşuşygyň öňüsyrasynda “Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” guramasynyň we “Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň” Awstriýanyň prezidentiniň adyna bilelikde ýazan hatynda

Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna aladalanma bildirmäge we prezident Berdimuhamedowdan bu mesele boýunça takyk borçlary öz üstüne almagyny soramaga çagyryş edildi.

Maglumatda Türkmenistanda hakyky oppozisiýanyň, garaşsyz medianyň ýokdugy, raýat jemgyýetçiligine uly basyş edilýändigi, adam hukuklary boýunça halkara synçylarynyň we BMG-niň Adam hukuklary boýunça bilermenleriniň ýurda goýberilmeýändigi, adalat sistemasynda korrupsiýanyň kök urandygy we häkimiýetleriň raýatlara garşy bikanun çäreleri amala aşyrýandyklary aýdylýar.

Gaz akdyrmak plany nazara alnyp...

Türkmenistandan Ýewropa tebigy gazy akdyrmak planlary boýunça öňde duran diskussiýalary nazara alyp, Türkmenistan bilen gatnaşyklara, şol sanda energiýa hyzmatdaşlygyna adam hukuklary hem kanunyň hökmürowanlygy meselesi bilen birlikde çemeleşmek zerur diýip hasap edýäris diýip, guramalaryň bilelikdäki beýannamasynda aýdylýar.

Şeýle-de maglumatda Awstriýanyň daşary syýasatynda adam hukuklarynyň ileri tutulýan meseleleriň arasynda görkezilýändigine we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň üçünji ýurtlar bilen özara gatnaşykda adam hukuklaryny öňe sürmäge borçludygyna salgylanylyp, prezident G.Berdimuhamedow bilen gepleşiklerde adam hukuklary meselesini gozgamaga çagyrylýar.

Geçen hepdede Ýewropa Parlamentinde käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynda adam hukuklarynyň ýagdaýyna seredildi we Türkmenistandaky ýagdaý bilen bagly has uly aladalanma bildirilendigi habar berildi.

1-nji iýunda Ýewropa Parlamentinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen partnýorlyk we hyzmatdaşlyk ylalaşygy boýunça diňlenişikleri başlanar.

Munuň öňüsyrasynda, 17-nji maýda bolsa Aşgabatda Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň arasynda adam hukuklaryna degişli meseleler boýunça gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG