Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Kölegeli baglar kesilýär


52-nji orta mekdebiň baglary birwagtlar parky ýatladýardy.
52-nji orta mekdebiň baglary birwagtlar parky ýatladýardy.

Paýtagtdaky 52-nji orta mekdep şäher boýunça baga bürenip oturan mekdepleriň biri. Bu mekdebiň territoriýasyndaky ösüp oturan baglar parky ýadyňa salýar.

Emma öňňin bu mekdepdäki ösüp oturan baglaryň birnäçesi kesilipdir. Bu baglaryň kesilmeginiň sebäbini anyklamak başartmady. Ýöne soňky ýyllarda haýsy-da bolsa bir binanyň suduryny görkezmek ýa-da ol binanyň daş-töweregini “arassalamak” üçin baglar kesilip başlandy.

Bu ýagdaý ady agzalan mekdebiň ýerleşýän Parahat-2 mikroraýonynda hem görmek bolýar. Bu raýondaky “pristroýkalar”, ýagny goşmaça gurluşyklar ýumrulanda olaryň daş-töweregine ekilen baglar hem kesildi. Galyberse-de, mikroraýonyň içinden geçýän dar köçeler giňeldilende hem köçeleriň gyralarynda ösüp oturan baglar çapylyp ýok edildi.

Bu ýagdaý paýtagtyň beýleki “abadanlaşdyrylýan” raýonlaryna hem mahsus. Aşgabadyň 5-nji, 6-njy, 30-njy mikroraýonlarynda hem mundan öň kän agaçlar kesildi.

Paýtagtyň käbir uly köçeleriniň ugrunda ösüp oturan agaçlar-da kesilýär. Mysal üçin, Türkmenbaşy şaýolunyň Şewçenko köçesi bilen kesişýän ýerinden tä Aýtakow köçesine çenli bölegindäki baglaryň ählisi diýen ýaly kesildi.

Paýtagtyň öňki Olimpiýa stadiony hem park ýalydy. Emma täze stadion gurlup başlansoň, häzir ol ýerdäki agaçlaryň ählisi diýen ýaly kesildi. Paýtagtyň ”Ors bazarynyň” garşysynda hem häzir gurluşyk işleri alnyp barylýar. Bu ýerdäki köçäniň gyrasynda ösüp oturan kölegeli agaçlaryň hem ählisi kesildi.

Andalyp we 10 ýyl abadançylyk prospektleriniň abadanlaşdyrylmagy hem-de giňeldilmegi zerarly olaryň gyralaryndaky baglar kesilipdi. Bedewe barýan köpriniň gurluşygy gidýärkä-de ençeme baglar kesildi. Hususan-da, bu köpriniň Gurbansoltan eje prospekti böleginde seteräm ösüp oturan köpýyllyk baglar çapylyp ýok edildi.

Köplenç halatda ençeme ýyllap ösüp oturan saýaly agaçlar çapylyp aýrylyp, ýerine arça ekilýär.

Aşgabadyň “ýalaňaçlanýan” mikroraýonlarynyň ýaşaýjylarynyň arasynda häkimiýetleriň alyp barýan bu “arassaçylyk” işlerine nägilelik bildirip, arz-şikaýat edýänleri hem bar. Aşgabadyň 30-njy mikroraýonynyň ýaşaýjysy Amanyň aýtmagyna görä, häkimiýetler käte bu arz-şikaýatlara gulak asyp, agaçlary çapýan edaralaryň bu işleriniň öňüni alýarlar..

Onuň sözlerinden çen tutsaň, onda 3 ýyl mundan ozal onuň ýaşaýan raýonynda goşmaça gurluşyklar ýumrulanda ýaşaýjylar baglary gorap bilipdirler.

“Ýöne, geçen ýylyň ahyrynda iň soňy şol baglary çapyp aýyrdylar. Arz-şikaýatlarymyza gulak asmadylar” diýip, Aman gürrüň berýär.

Agaçlary köpçülikleýin çapýanlar munuň köplenç “binanynyň gözellgini görkezmek” we paýtagty “owadanlaşdyrmak” üçin edilýändigini aýdýarlar.

Ýurtda her ýyl ýüzlerçe müň agaç nahallary ekilýär. Emma şol bir wagtda hem paýtagtyň içinde ençeme ýyllardan bäri ösüp oturan kölegeli baglar kesilip, köwlenip ýok edilýär.

XS
SM
MD
LG