Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

2030-njy ýylda dünýä nähili bolarka? (Synlar)


Tanymal amerikan futuristi, ýagny geljegiň kultuna çokunýan Raýmond Kurzweiliň adamzadyň öňündäki döwürler bilen baglanyşykly synlaryndan.

67 ýaşyndaky Kurzweil häzir Google firmasynda baş hünärmen wezipesinde işleýär.

2030-njy ýyllar

Adamyň aňynyň nusgasynyň göçürilip bilinmegi iş ýüzündäki ahyrky ösüş bolar. Adam öz aňyny şonda, edil bolşy ýaly, kompýutere geçirip biler. Şeýlelikde adam wirtual ýagdaýda ölümsiz bolar. Adamyň aňynyň kompýutere ýa-da başga bir enjama göçürilip bilinmegi bilen adamlar wirtual ýaşap, soňra islän wagty öz bedenine gaýdyp gelmäge mümkinçilik tapar.

Raýmond Kurzweil
Raýmond Kurzweil

Nano tehnologiýanyň adamynyň aňyna aralaşmagyna mümkinçilik dörär. Şeýlelikde nano tehnologiýa adamynyň beýni öýjükleri bilen gönümel arabaglanyşyk gurup, gelýän we gidýän signallary öz gözegçiliginde saklap biler. Munuň netijesinde hem adamzat öz nerwi ulgamyna islän wagty täsir edip biler we şeýlelikde öz hakyky durmuşyny durzup, wirtual reallykda ýaşamaga başlap biler.

Şol döwre çenli Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlar gözüniň görýän ähli zadyny hemmetaraplaýyn elektroniki görnüşe geçirer we wirtual dünýä geçen adamynyň "görýän hakykaty", ýagny reallygy hakyky durmuşdan tapawutlanmaz.

Nano enjamlar, kompýuter adamyň aňyna şeýle bir derejedäki utgaşykly ýagdaýa baryp ýeter welin, bir adam "telepatiki usulda", ýagny aňynda başga adamlar bilen aragatnaşykda bolup biler.

2040-njy ýyllar

Adamlar wagtynyň köp bölegini wirtual älemde geçirerler.

Ýasama aň tebigy aňdan milliardlarça esse güýçli bolar.

Tehnologiýa ösüşiniň baş itergi güýji adamynyň aňy däl-de, eýse kompýuterler bolar. Täze açyşlary hut kompýuterler ederler, we ahyr netijede öz geljeklerini olaryň özleri kesgitlärler.

XS
SM
MD
LG