Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa ýolbaşçysy ”YD-e” goşulandygyny aýtdy


Gulmurod Halimow
Gulmurod Halimow

Täjigistanyň ýokary wezipeli polisiýa ýolbaşçysy, ilki birnäçe hepdeläp ýitirim bolansoň, internetde peýda boldy we öz ýurdunda dini däp-dessurlara resmi çäklendirmelere protest hökmünde “Yslam döwleti” atly jeňçilere goşulandygyny aýtdy.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýörite güýçleriniň (OMON) öňki ýolbaşçysy, polkownik Gulmurod Halimow YouTube websaýtynda çap edilen ýüzlenmesinde Täjigistanda özüniň radikallaşmagyna sebäp bolan zatlar hökmünde – ýurtda dini geýimlere girizilen gadagançylygy we dini ybadatlarynyň çäklendirilmegini agzady.

Ýedi çaganyň atasy Halimow täjik işçi migrantlarynyň Orsýetde “dinsizlere hyzmat etmegini bes edip”, beýleki ýurtlarda, şol sanda Täjigistanda Şerigaty ornaşdyrmak üçin Siriýada we Yrakda “Yslam döwletine” goşulmalydygyny aýtdy.

Halimow, esasan orsça eden çykyşynda demokratiýany “dinsizleriň religiýasy” diýip häsiýetlendirdi we amerikanlary “doňuz” diýip atlandyryp, “biz ýanyňyza bararys we siziň ähliňizi öldüreris” diýdi.

Wideonyň hakykydygy derhal tassyklanmady, onuň düşürilen ýeri-de nämälim bolup galýar. 12 minutlyk ýazgy internetde 27-nji maýda peýda bolup, soňra birnäçe sagatdan soň öçürildi.

Halimow wideoda Täjigistanyň polisiýasyna 1990-njy ýyllarda goşulandygyny, soňky birnäçe ýylda Moskwada we ABŞ-nyň Louziana ştatynda türgenleşikleri geçendigini gürrüň berdi.

Halimowyň garyndaşlary onuň, 23-nji aprelde öz aýalyna üç günlük iş bilen öýden gidýändigini aýdansoň, ýitirim bolandygyny gürrüň berdiler.

Kärdeşleri bolsa Halimowyň 6-njy maýda polisiýanyň Ýörite güýçleriniň Duşenbedäki edarasynda Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimzodanyň ýokary derejeli ofiserler bilen duşuşygyndan soň ýitirim bolandygyny aýtdylar.

Täjigistanyň media maglumatlarynda Halimowyň ýene 10 sany täjigistanly bilen bilelikde Siriýa gidendigi barada çaklamalar peýda bolupdy, emma bu maglumat täjik resmileri tarapyndan tassyklanmandy.

Täjigistanyň Ýörite güýçleriniň (OMON) ofiseri 28-nji maýda AÝ/AR-a ýurduň polisiýa güýçleriniň Halimowy “dine we ýurda” dönüklikde aýyplap, resmi beýannama ýaýratjakdygyny aýtdy.

Adyny agzamazlyk şerti bilen gürrüňdeş bolan ofiser Halimowy gowy bilýändigini we onuň Ýakyn Gündogardaky yslamçy jeňçilere goşulmagyna dini garaýyşlarynyň däl-de, “başga bir zadyň” sebäp bolandygyny çak etdi, emma öz pikirini takyklaşdyrmady.

Halimowyň garyndaşlary özleriniň onuň Siriýadaky we Yrakdaky yslamçy jeňçilere goşulandygyna ynanmaýandyklaryny aýtdylar.

Orsça

XS
SM
MD
LG