Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aýraçylyga nähili çäre gözlenýär?


Türkmen çagasy.
Türkmen çagasy.

Mälim bolşy ýaly diňe Türkiýäni göz öňünde tutup aýdanymyzda, ençeme ýyldan bäri bu ýurtda bikanun ýaşap hem işläp ýören türkmenistanlylar, yzlaryna dolansa, gaýdyp ýurtdan çykmaga rugsat edilmez diýen gorky sebäpli, dogduk Watanyna gitmeýärler.

Emma şeýle raýatlaryň arasynda çagaly-çugalylary hem bar. Şeýlelikde, şeýle raýatlaryň arasynda ençeme ýyldan bäri çagalaryny görmedik ildeşlerimiz hem bar. Şol bir wagtyň özünde-de, aýraçylyga çydap bilmän ýa-da başga sebäplere görä, Türkmenistana gidip, soň hem daşary ýurtlarda guran durmuşyna dolanyp bilmän aýraçylyk çekip ýören raýatlar hem bar.

Eýse, daşary ýurtda we Türkmenistanda çekilýän aýraçylyklara nähili çäre gözlenýär? Ildeşlerimiz bu agyr ýagdaýyň hötdesinden gelip bilmek üçin nähili çäredir, çykalgalara baş goşýarlar? Bu çäreler olaryň aýralyklaryny gidermek üçin näderejede peýdaly bolýar?

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny ýurduň içinde we daşynda çekilýän aýraçylyklaryň adam ykbalyna ýetirýän täsirleri barada taýýarlamak isleýär. Hemmeleri bu temada taýýarlanjak gepleşige goşant goşmaga çagyrýarys.

Gepleşige gatnaşmak isleýänler hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com salgylary arkaly biziň bilen aragatnaşyga geçip bilerler. Bu temadaky garaýyşlaryny halk köpçüligine ýetirmek isleýänler aşakdaky foruma teswir hem galdyryp bilerler.

XS
SM
MD
LG