Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda asyryň yssysy hasaba alyndy


30-njy iýunda Aşgabatda howa 47.2 gradusa çenli baryp ýetipdir.
30-njy iýunda Aşgabatda howa 47.2 gradusa çenli baryp ýetipdir.

2015-nji ýylyň iýun aýy, Türkmenistanda howanyň temperaturasy ölçelip başlanaly bäri, iň gyzgyn aý hökmünde hasaba alyndy. Bu barada Fransiýanyň Frans Press Habar agentliginiň, Türkmenistanyň meteorologiýa gullugynyň resmisine salgylanyp, 1-nji iýulda çap eden habarynda aýdylýar.

Habarda aýdylyşyna görä, Aşgabatda iýun aýynda gündiz howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan ýokarda bolup, esasanam 30-njy iýunda Aşgabatda howa 47.2 gradusa çenli baryp ýetipdir.

Diýmek, 30-njy iýun, 1891-nji ýyldan bäri Aşgabatda bolan iň gyzgyn gün hökmünde hasaba alyndy. Agzalýan agentlik Türkmenistanda howanyň gyzgynlygyny ölçeýän sistemanyň şol ýyldan başlap ýola goýlandygyny hem habar berýär.

Howanyň şeýle gyzmagy musulmanlaryň agyz bekleýän oraza aýyna gabat geldi. Bu ýyl oraza günleri adatdakysyndan has uzyn, onsoň gyzgyn howa agzyny beklän adamlara aýratyn täsirini ýetirýär.

Howanyň tempraturasy barada takyk maglumat berilmesede, bu ýagdaý 1-nji iýulda prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen hökümet maslahatynyň gün tertibine hem girizildi.

Türkmenistanyň ”Altyn Asyr” telekanalynyň maglumatynda, ýygnakda degişli ministriň howanyň gyzgynlygyny nazarda tutup, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça degişli çäreleriň, şol sanda ilat arasynda düşündiriş işleriniň geçirilýändigini aýdandygy habar berildi.

Ýygnakda prezident Berdimuhamedowyň aýratynam ýurduň dürli künjeklerindäki çagalary sagaldyş merkezlerinde, meýdançalarynda ýörite yssydan goranyş çäreleriniň işlenip taýýarlanylmagyny hem-de tomusky dynç alyş möwsümini geçirýän çagalaryň dürli görnüşli suwlar we doňdurmalar bilen doly üpjün edilmeginiň zerurdygyny belländigi aýdylýar.

Gyzgyn howa diňe bir Türkmenistanda däl, Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna hem öz täsirini ýetirýär. Frans Press habar agentligi, Gazagystanyň Gyzylorda şäheriniň ýaşaýjysy 72 ýaşlaryndaky Şafarat Sataýewa salgylanyp beren maglumatynda, öýlän köçeleriň tutuşlygyna boşap galýandygyny we howanyň gyzgynlygynyň çarşenbe güni kölegede 42 gradusa çenli baryp ýetendigini habar berýär.

Täjigistanda gyzgyn howadan goranmak üçin köle hemem kanala giren 50 töweregi adamyň, şol sanda Orsýetiň Täjigistanda ýerleşýän harby bazasyndaky iki esgeriň suwa gark bolandygy habar berilýär.

Täjigistanyň meteorologiýa gullugynyň maglumatyna görä, ýurtda howanyň gyzgynlygynyň 40 gradusdan geçmegine garaşylýar, bu ýagdaý hem daglaryň başyndaky buzlaryň eremegi netijesinde paýtagt Duşenbä sil gelmek howpuny salýar.

XS
SM
MD
LG