Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Romantiki jyhat"


"Allanyň hatyrasyna, şeýle romantizmi bir gapdala goýuň. Iň gowusy ony hyýalbentlik gabrystanlygynda hemişelik gömüň".
"Allanyň hatyrasyna, şeýle romantizmi bir gapdala goýuň. Iň gowusy ony hyýalbentlik gabrystanlygynda hemişelik gömüň".

Geçen hepde terrorçy "Yslam döwleti" guramasynyň ors dilli tarapdarlarynyň sosial ulgamdaky sahypalarynda bir material ýaýradyldy.

Materialda Siriýa bilen Yragyň şol guramanyň garamagyndaky sebitlerinde ýaşaýşy romantiki ýagdaýda görkezmek berk tankyt edilipdir.

Material ilki bilen iýulda bir "Yslam döwleti" söweşijisiniň ”WKontakte” sosial ulgamyndaky sahypasynda çap edilipdir. Ol söweşijiniň lakamy Jindullah, özi-de demirgazyk Kawkazdan.

Siriýa bilen Yrakda uruşýan söweşijileriň aýaly bolmagy arzuw edýän gyzlara şol materialda şeýle diýlipdir: "Siz, dogrudanam, Ýewfrat derýasynyň boýunda öz ýanýoldaşyňyz bilen arkaýyn seýil edip biljekdigiňizi göz öňüne getirip bilýäňizmi? Allanyň hatyrasyna, şeýle romantizmi bir gapdala goýuň. Iň gowusy ony hyýalbentlik gabrystanlygynda hemişelik gömüň".

"Bu sosial ulgamlarda görkezilýän durmuşa meňzemeýär"

Materialyň awtorynyň bellemegine görä, söweşijiniň aýaly bolmagy arzuw edýän gyzlaryň illiýuziýalary ilkinji bombalanyşykda puç bolar. "Bu sosial ulgamlarda görkezilýän durmuşa meňzemeýär. Siz bu ýerde synagdan geçersiňiz we hakyky synagyň nämedigine ymykly göz ýetirersiňiz".

Materialyň çap edilen sahypasy indi petikli. Ýöne ol material ”Wkontakte” we Fecebook sosial ulgamlarynda giňişleýin ýaýrap, diýseň oňaýly täsir galdyrypdyr. Teswirleriň köpüsinde aýdylmagyna görä, "Yslam döwletiniň" yglan eden jyhat durmuşy bilen Siriýadaky hakyky durmuşyň arasynda ullakan tapawut bar. Ylaýta-da zenanlar üçin.

Käbir zenan söweşijiler hem bu gürrüňler bilen ylalaşýarlar. ”Wkontakte” sosial ulgamyndaky sahypasynda öz bolýan ýerini Halap, ýagny Aleppo şäheri diýip görkezen Imara Hasanowa şeýle teswir galdyrypdyr: "Gaty gönümel we dogry ýazylypdyr".

Jyhadyň hakykatlaryna göz ýetirip bilmeýän zenanlary tankyt etmek maksady bilen çap edilen şol materialda, şol bir wagtyň özünde hem söweşijiler üçin şertleriň näderejede agyrdygy ýaňzydylypdyr.

Materialda aç-açan şeýle diýlipdir: "Yslam döwletiniň" eýeçiligindäki sebitlerde ýaşamak hiç hili romantiki däl. Gaýta bu ýagdaý, birnäçe sagat öň birek-birek bilen degşip-gülşen doganlaryň jesetleri we bedeniniň ýaýrap ýatan bölekleri diýmekdir".

"Ýanyňda ganybir doganyň şehit bolanyny göreniňde..."

Materialyň "Yslam döwleti" toparynyň ors dilli tarapdarlarynyň arasynda giňişleýin ýaýrap, uly seslenme döretmegi, bu terror guramasynyň resmi materiallaryny täsirsiz ýagdaýa getirýär. Guramanyň öňe sürmegine görä, "jyhat söweşiniň alnyp barylýan ýerlerinde ýaşaýanlar hiç haçan gorky we gam-gussa duýmaýarlar. Urşuň aldym-berdimli ýagdaýyna garamazdan, mujahetler kapyrlara garşy taryhy ähmiýete eýe bolan söweşe gatnaşmakdan keýp alarlar. "Jyhata goşulanlar" gam-gussaly bolmaly däldir".

Ýöne Siriýada Kobani, Yrakda bolsa Baiji etraplarynda bolup geçen ahyrky çaknyşyklarda owalkylardan has köp ýitgi çeken "Yslam döwletiniň" söweşijileri sosial ulgamlardaky sahypalarynda öz hakyky pikirdir-garaýyşlaryny beýan etmäge başlapdyrlar.

Artýom atly bir gazak söweşijisi şeýle ýazypdyr: "Alladan ant içýärin. Haçan-da ýanyňda öz doganyň şehit bolanyny gören mahalyň, şol wagt şu dünýäde ýaşamak islemeýärsiň. Ana, şonda dünýäniň hakyky ýagdaýyna düşünip galýarsyň. Onuň manysyzdygyna düşünip, ony eliňden geldiginden terk etmäge synanyşýarsyň".

Siriýada uruşýan ors dilli söweşijileriň ýanýoldaş tapmak babatda gaty uly kynçylyk çekýändigi hakda arz-şikaýatlar edilensoň, sosial ulgamda musulman zenanlary Siriýa getirmek üçin edilýän çagyryşlar köpelipdi.

Çagyryşlarda munuň örän hatarly we kynçylykly bir işdigi nygtalsa-da, esasan romantiki we taryhy taýdan ähmiýetli bir missiýa bolup durýandygy öňe sürülýär.

XS
SM
MD
LG