Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rawwin ybadata gelen aýallary ýalaňaç wideo düşüripdir


 Barry Frendel
Barry Frendel

ABŞ-da Barry Frendel atly rawwin, ýagny ýewreý dindary sinagoga (ýewreýleriň buthanasy) gelen onlarça zenany ýalaňaçlap gizlin wideo düşürendigi üçin sud edildi.

Rawwin ybadata gelen aýal-gyzlary, olar ritual howuzda ýuwunmak üçin taýýarlanan wagty gizlin gurnalyp goýlan wideokamera bilen surata düşüripdir.

Kazyýet, rawwiniň soňky üç ýylda videosurata alan takmynan ýüz zenanyndan elli iki sanysynyň kimdigini anyklapdyr.

27 ýaşyndaky Emma Şulewits hem rawwiniň pidalarynyň biridir. Golaýda çaga dograndygy sebäpli ol suda gatnaşyp bilmändir. Ýöne sudy diňländen soň Şulewits şeýle diýipdir: "Freundele ýöňkelen aýyplamany goldaýaryn. Ýöne birnäçe sowalym bar. Men bilmek isleýän: ol muny näme üçin etdikä?".

Şeýle etmişiň aňrybaş bir ýyllyk möhletli jezasy bar. Aýyplaýanlaryň oňa özboluşly aýratyn jeza bermegine garaşylmaýar. Freundel hakyndaky karar 15-nji maýda kabul edilipdir.

Waka ýewreý jemgyýetçiligini ynjalyksyzlandyrýar

Fruendel Waşingtonda ortodoks Kaşer Ysraýyl sinagogyna 25 ýyl ýolbaşçylyk edipdir. Ol sinagoga owalky senator Josef Lieberman, ABŞ-nyň maliýe ministri Jak Lew ýaly tanymal adamlar hem gelip-gidýär ekeni.

Rawwin şol bir wagtyň özünde ortodoks ýewreý dininde esasy figuralaryň biri hasaplanýar.

63 ýaşyndaky Freundel geçen ýylyň oktýabr aýynda tussag edilipdir. Ony Korktaun şäherinde Kaşer Ysraýyl sinagogunda işlän mahaly alty zenany ýalaňaç wagtynda gizlinlikde wideo düşürendigini öňe sürüp, aýyplapdyrlar. Ýöne, aýyplaýanlaryň aýtmagyna görä, onuň kompýuteri barlanan mahaly ýalaňaçlanyp ýuwunmaga taýýarlanan başga zenanlary hem gizlinlikde wideo düşürendigi äşgär bolupdyr.

Ýewreý dinine görä, jöhit aýallar, aýbaşylary gutarandan soň, adamsy bilen jynsy aragatnaşygy dowam etdirmek üçin Mikwa ybadatyny berjaý etmeli, ýagny bedeni doly arassalamak üçin ýuwunmaly.

Freundel wideokamerany zenanlaryň eginbaşyny çykaryp-geýýän ýerindäki sagatly radionyň içine gizlinlikde ýerleşdiripdir.

Suduň ahyrky gününde aýyplaýanlar waka bilen baglanşykly täze delilleri aýan edipdirler. Olaryň aýtmagyna görä, rawwin diňe bir sagatly radio däl, eýse el süpürilýän kagyz gutusy bilen stoluň üstündäki wentilýatora hem kiçijik gizlin wideokamera goýupdyr.

"Men günäkär, jenap sülçi!"

Rawwin sud mahalynda gaty az gürläpdir. Garalawçy ähli aýyplamalary öňe sürenden soň, sülçi onuň öz günäsini nähili ýeňledip biljekdigini soran mahaly, Freundel aklawçysynyň ýanynda ýerinden turup, "Men günäkär, jenap sülçi!" diýipdir.

Waka Waşingtondaky we ýurduň beýleki ýerlerindäki ýewreý mähellesini gaty ynjalyksyzlandyrdy.

Hadysadan soň rawwin öz wezipesini, şol bir wagtyň özünde hem Korktaun we Tauson uniwersitetlerindäki mugallymçylyk işlerini ýitirdi. Şeýlelikde ol ençe ýyllap uly abraýa eýe bolan jemgyýetinde birden biabraý adama öwrüldi.

Kaşer Ysraýyl dolandyrylyşyk geňeşi tarapyndan ýaýradylan beýannamasynda şeýle diýipdir: "Ýüze çykan "elhenç jenaýat möhleti we häsiýeti" taýdan adamyň aňyna sygjak ýagdaý däldir. Şeýle ýagdaýy aňyna sygdyrmak isleýänlere lukman ýardam berip biler".

Bu wakadan soň jöhitler gusl etmek ybadatyna üýtgeşiklikleriň girizilmegi üçin din alymlaryna gaty köp ýüzlenmeler iberipdirler.

XS
SM
MD
LG