Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Okuw esbaplary ene-atalary aljyradýar


"Mekdep bazarlary" açyldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:20 0:00

"Mekdep bazarlary" açyldy

Aşgabatda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep bazarlary açyldy. Bu bazarlaryň irilerini Teke, ors we Altyn asyr ýa-da jygyldyk bazarlarynda görmek bolýar. Paýtagtyň uly köçeleriniň käbirleriniň ugurlarynda hem mekdep bazarlary gurnalýar.

Ýörite pawilýonlar gurnalyp döredilen bu söwda nokatlarynda mekdep okuwçysy üçin ähli okuw esbaplarydyr, egin-eşikleri bar. Depderlerdir, gündelikleriň we umumy depderleriň dürli görnüşlerini görmek bolýar.

Paýtagtdaky häzirki döredilen mekdep bazarlardaky harytlaryň assortimentinden hem-de harytlaryň bahalaryndan çen tutup aýdylsa 1-7 klas aralygyndaky okuwçyny mekdebe geýindirip okuw esbaplary bilen üpjün etmek üçin ortaça 380-450 manat töweregi pul harçlamaly boljak.

Harytlaryň bahalary

Mekdep bazarlaryndaky oglanlar okuwçylardan talap edilýän hili boýunça pes ýa-da ýokary bolmadyk orta hilli egin-eşik üçin 280 manat töweregi pul harç etmeli. Hili boýunça gowrak diýip hasaplanýan Türkiýede öndürilen kastýum-balagyň bahasy 100-150 manat. Köýnegi 30-35 manada satyn alyp bolýar. Köwüşi bolsa 40-45 manatdan tapyp bolýar. Tahýalary 10 manada satyn alyp bolýar.

Mundan başga-da, mekdep sport egin-eşigini 50 manatdan, sport krossowkasyny 20-30 manatdan, zähmet formasyny bolsa 10 manatdan satyn almaly. Şeýlelikde hili boýunça orta derejedäki egin-eşik üçin 1-7 klaslarda okaýan oglan mekdep okuwçysyna ortaça 280 manat harç etmeli.

Gyz mekdep okuwçysy üçin sarp etmeli puluň möçberi hem oglanlaryňkylara golaý. Olaryň köýnekleri üçin 30 manat, fartuklaryny 10 manat, tahýany 15 manat, kastýumlary 30-40 manat aralygynda satyn alyp bolýar. Köwüş üçin bolsa 30-40 manat harç etmeli bolar. Gyzlar hem edil oglanlaryňky ýaly sport we zähmet egin-eşiklerini satyn almaly. Bu egin-eşikleriň bahasy hem oglanlaryňkydan o diýen tapawut etmeýär.

Maşgala býujetine ýetirýän täsiri

Şol bir wagtda mekdepleriň okuwçylardan talap edýän ýörite egin-eşikleriniň maşgalalaryň köpüsiniň býujetine agram salýandygy aýdylýar. Özüni Aýsoltan diýip tanadan paýtagtly ýaş zenanyň aýtmagyna görä, mekdep söwdasy her ýyl bergi etmäge mejbur edýär. Onuň maşgalasynda diňe adamsy işleýär. Aýsoltanyň adamsynyň alýan aýlygy 1000 manat töweregi.

“Onsoň üç çagany mekdebe ugratjak bolsaň ol aýlyk ýetmeýär. Tanyş-bilişlerden karz almaly bolýar” diýip, Aýsoltan aýdýar.

Elbetde, ýaşy ulurak mekdep okuwçylarynyň mekdep formalarynyň bahalary ýokarda aýdylan nyrhlardan azyndan ýarym esse ýokary.

Her bir okuwçy edilýän çykdajy

Mekdep okuwçylarynyň okuw esbaplary barada aýdylanda, depderiň bahasy 30 teňňe, umumy depderiň bahasy bolsa hili we sahypa sany boýunça 5-10 manat aralygynda. Gündelikleriň bahasy 5-10 manat aralygynda. Mekdep okuwçylarynyň rýukzaklarynyň bahalary 20-40 manat aralygynda.

Umuman, okuw esbaplary üçin her bir okuwça 100 manat töweregi pul harç etmeli. Özi-de, ýutda ödürilýän mekdep esbaplarynyň sany köpelýändigine garamazdan olaryň bahalary daşary ýurt öndürijileriniňkiden gymmat.

Mysal üçin, Türkmenistanda öndürilen adaty depderiň bir sanysynyň bahasy 40 teňňe bolsa, orsýet ýa-da Belarusda öndürilen depderiň bahasy 30 teňňe. Türkmenistanda öbdürilen umumy depderleriň bahasy hem 7-8 manat bolsa daşary ýurtlarda öndürilenleriň bahasy 5 manatdan başlanýar.

Düýnki açylan “Mekdep bazarlary” adyny alan mekdep harytlarynyň we okuw esbaplarynyň söwdasynyň möwsümi sentýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam eder. “Mekdep bazarlary” ýurt boýunça 1 milliondan gowrak mekdep okuwçylaryny geýindirmeli, zerur okuw esbaplary bilen üpjün etmeli.

XS
SM
MD
LG