Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ türme hökümini düzetmäge çagyrýar


Müsür, (çepden saga) Baher Mohammed, Piter Greste we Mohammed Fahmi gözenek arkasynda, Kair, 1-nji iýun, 2014 ý.
Müsür, (çepden saga) Baher Mohammed, Piter Greste we Mohammed Fahmi gözenek arkasynda, Kair, 1-nji iýun, 2014 ý.

"Al-Jazeeranyň" habarçysy Piter Greste Müsüriň prezidenti Abdel-Fattah el-Sissini, hersine üç ýyl türme tussaglygy berlenden soň, özüniň we öz iki kärdeşiniň günäsini geçmäge çagyrdy.

Bu höküm halkara derejesinde ýazgarmalara sebäp boldy.

Awstraliýanyň raýaty Greste 30-njy awgustda, Sidnide guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, indi bu ýerde meseläniň çözgüdiniň prezident Sissä gelip dirändigini aýtdy.

Ol çykarylan hökümlere «ýalňyş» diýdi we olaryň syýasy sebäplidigini aýtdy. Ol indi dünýäniň gözüniň Müsüre dikiljegini hem sözüne goşdy.

Greste 2013-nji ýylyň dekabrynda kanadaly Mohammed Fahmi, müsürli prodýuser Baher Mohammed bilen, Dohada ýerleşýän telewideniýe üçin işleýän wagty tussag edildi.

Kairdäki sud 29-njy awgustda, uzaga çeken suduň soňunda olara üç ýyl türme tussaglygy hökümini çykardy.

Bu sud metbugat azatlygynyň wagyzçylary we hukuk goraýjy aktiwistler tarapyndan dünýä derejesinde giňden tankyt edildi.

Birleşen Ştatlar hem bu hökümden «juda lapykeç bolandygyny» aýtdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 29-njy awgustda Müsüriň hökümetini «ösüş we durnuklylyk üçin zerur bolan söz azatlygynyň düýp esaslaryna wehim salýan höküme gaýtadan seredilmegi üçin mümkin bolan ähli çäräni görmäge» çagyrdy.

Müsürdäki durnuklylyk adamlary öz hukuklaryndan mahrum edýän, söz we metbugat azatlygynyň düýbüni köwýän yrga binýadyň üstünden gurulmaly däl."
Jon Kasson

Greste suduň türme tussaglygy hökümi yglan edileninden soň kän wagt geçmänkä öz atlaryny arassalamak üçin göreşi dowam etdirjekdiklerini aýtdy.

"Biz terrorçylar däl, biz hiç bir gurama bilen dil düwüşmedik, biz hiç bir galp habar ýaýratmadyk, men öz kärdeşlermiň azatlygy, öz at-abraýym, biziň hemmämiziň at-abraýymyz nukdaý nazaryndan, öz göreşimizi dowam etdireris» diýip, ol aýtdy.

Girew esasynda azatlyga goýberilen Muhammed Fahmi höküm okalanda bardy we sud diňlenişiginden soň polisiýa tarapyndan alnyp gidildi.

Mohammed Fahmi we Baher Mohammed

Bu üç žurnalistiň aklawçylarynyň türme höküminden şikaýat etmeklerine garaşylýar.

Fahminiň aklawçysy Amal Kluniý (Amal Clooney) bu hökümiň Müsürde örän howply yşarat bolandygyny aýtdy.

"Bu höküm žurnalistleriň öz işleri edenleri üçin, hakykaty aýdanlary we täzelikleri habar berenleri üçin kapasa salnyp bilinjegini aňladýar we bu howply yşarat Müsürde sudýalaryň sudlara syýasy repressiýanyň we propagandanyň guraly bolmaga rugsat berjegini görkezýär» diýip, ol aýtdy.

"Al-Jazeeranyň" iňlis dilindäki gepleşikleriniň ýerine ýetiriji direktory Mostefa Souag bu höküm logika we umumy düşünjä tes gelýär diýdi.

Kanadanyň konsullyk işleri boýunça döwlet ministri Lynne Ýeliç suduň bu höküminiň «Müsürde kanunyň hökmürowanlygyna bolan ynamyň düýbini opurýandygyny» aýtdy.

Müsüriň daşary işler ministrligi 30-njy awgustda, bu hökümi tankytlany üçin, Britaniýanyň Kairdäki ilçisi Jon Kassony çagyrdy.

Kasson Müsürdäki durnuklylyk "adamlary öz hukuklaryndan mahrum edýän we söz we metbugat azatlygynyň düýbüni köwýän yrga binýadyň üstünden gurulmaly däl" diýdi.

Amnesty International hem bu hökümi ýazgardy we ony «Müsürde söz azatlygynyň ölüm ýaňy» hökmünde suratlandyrdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG