Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Bir palaw berdiler, tüwüleri gatap gidipdir"


Türkmenistan, uçara münýän ýolgaçylar.
Türkmenistan, uçara münýän ýolgaçylar.

Azatlyk radiosynyň «Türkmenhowaýollarynyň» ýolagçylara edýän hyzmatynyň hili boýunça, okyjylaryň pikir-oýlaryny sorap, sosial ulgamlarda açan forumyna gysga wagtda onlarça teswir ýazyldy.

Habarlardan mälim bolşy ýaly, Skytrax iki ýa ondan hem az ýyldyz alyp, iň erbet diýen bahany alan awiakompaniýalaryň 23-siniň sanawyny çap etdi we «Türkmenhowaýollary» iki ýyldyz alyp, dünýäniň iň ýaramaz awiakompaniýalarynyň hataryna girdi.

Dünýäniň iň ýaramaz awiakompaniýalarynyň başyny, tapgyr dördünji ýyl, Demirgazyk Koreýanyň «Koryo Air» kompaniýasy çekýär. Bu mümkin bolan bäş ýyldyzdan ýeke ýyldyz alan ýeke-täk kompaniýadyr.

Ilki bellemeli zat, Azatlygyň okyjylary bu habara – ýagny Türkmenistanyň ýolagçylara edýän uçar hyzmatynyň şeýle pes baha almagyna beýle bir geň galyp durmaýarlar.

Para-peşgeş we hil

Mysal üçin, Jennet Aknur atly okyjymyz «dagy näme bolsun, kadr seçiş synaglary tanyş-biliş, para-peşgeş bilen geçirilen ýerde hil agtarmagyň geregi barmy? Ýene uzak gitse 10 ýyldan biz Owganystana döneris, ylym-bilim pula satylsa, boljagymyz budur» diýip, Jennet Aknur bu ýerde günälini uzakdan gözlemeli däldigini aýdýar, ýagny az-da bolsa, bu ýagdaýda herimiziň paýymyz bar diýýär.

Erkin Areşow atly okyjymyz hem Türkmenistanda her zat pula, ýagny para-peşgeşe we tanyş-bilişlige bagly diýen pikiri öňe sürýär.

Emma «Türkmenhowaýollaryny» tankytlaýanlary utandyrjak bolýan okyjylar hem bar.

Aýdaly, Şeker Allamyradowa «Türkmenhowaýollarynyň» nämesi erbetmiş?» diýip soraýar. Kemal Gurbanow bolsa, «Türkmenhowaýollary» örän gowy, bir gezek üstünde ýüregim bulandy, ne diýsem getirdiler, derman berdiler, doktor-da bar eken, bäş minutdan seretmäge geldiler» diýip ýazýar.

Gul Kurban atly okyjymyz hem türkmen uçarynyň tankytlanmagyny halamandygyny aýdýar we «muňa watanyňy satmak diýerler, örän aýyp, öňünde-soňunda ýene barjak ýeriň watanyňdyr» diýýär. Hemragül Bekdurdyýewa hem «watan hakynda erbet zatlary» ýazmazlyga çagyrýar. «Her zat bolsa-da, göbek ganymyzyň daman ýeridir, men buýsanç duýýaryn» diýip, ol aýdýar.

Emma Muhammet Türkmen atly okyjymyz bu pikirlere düýpden garşy, ol Jennet Aknuryň bilimdäki parahorluk, tanyş-bilişlik pikirini dowam etdirip, «häzirki döwürde türkmen doktorlaryna janyňy ynanarlyk ýok» diýip, bilimli, okajak ýaşlaryň ýerine bilimsiz, pully ýa wezipeli adamlaryň çagalarynyň diplom alýandygyny aýdýar.

Rodion Aglýamow atly okyjymyz Kemal Kurbanyň aýdanlaryny ýalana çykarýar, ýagny ýanyndaky ýolagçynyň ýüreginiň bulanandygyny, emma onuň derman-beýleki däl, suwy zordan alandygyny aýdýar. Berdi gyzy Jeren bolsa, «ýene bir zat ýadyma düşdi, bilet almak üçin häzir näçe para soralýar?» diýip soraýar.

Watan we tankyt

Pikirini aýtmaga synanyşýanlaryň arasynda diňe «Watanymyz sag bolsun, Siriýadaky ýaly raketa atylanok, şoňa şükür edeliň» diýýänler-de, başga ýurtlarda hem üýtgeşik gowy zat ýok, baý-baý, garyp-garyp diýip, gürrüňi başga ýana sowýanlar-da az däl.

Miribilis Arkaç atly okyjymyz bu pikirlere jogap berip, şeýle diýýär: «Biziň hemmämiz watanymyzy jandan ileri görýäris, emma bu tankyt etmeli däldigini aňlatmaýar, bu ýerde watana diýilýän zat ýok, biz ýolbaşçylaryň goýberýän kemçilikleri barada gürrüň edýäris» diýýär.

Arkaç pikirini dowam etdirip, türkmen uçarynda bir aýalyň operasiýadan soň üşüdýän diýip, odeýala sorandygyny, emma onuň möhüminiň bitirilmändigini, odeýaly diňe garrylara we çagalara berýäs diýendiklerini aýdýar.

Jahanna atly okyjymyz «Türkmenhowaýollarynyň» ýolagçylara edýän hyzmatlarynyň hiliniň gowulanmalydygyny aýdýar we kemçilikleri dile getirmegiň masgaraçylyk hasaplanmaly däldigini ýaňzydýar. Diýar Diýar atly okyjymyz bolsa, türkmen uçaryndaky şertler ýaramaz, bir gezek enemiň aýagyna gyzgyn çaý döküldi, gaty ýakdy, emma derman-beýleki, hiç zat bermediler diýýär.

Mähri Merw atly okyjymyz Aşgabat-Deli arasynda uçanda, pilotmy ýa stýuardessa, biriniň çilim çekip, salony porsadandygyny aýdýar. Merdan Matýakubow atly okyjymyz «bu kadaly zat, gowy bolmajagy belli, çünki ol ýer Türkmenistan» diýip, gysga teswir galdyrsa, Maksat Ýazimow «stýuardessa hemme kişi bilen türkmençe gürleşýär, onsoňam bir palaw berdiler, tüwüleri gatap gidipdir» diýýär.

Amir atly okyjymyz bolsa, «Türkmenhowaýollarynyň» iki ýyldyz almasyna «geň göresi zat ýok, şuňa garaşybermelidi» diýipdir, şeýle-de ol «esasy zat olarda prezident uçanok» diýýär.

Elbetde, bu pikirleriň ählisi okyjylara degişli we olar hiç bir jähtden Azatlyk radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar.

XS
SM
MD
LG