Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Hazardaky gämileri Siriýa raketa atýar


Siriýa.
Siriýa.

Russiýanyň goranmak ministri Sergeý Şoýgu Orsýetiň Kaspi deňzindäki uruş gämileriniň Siriýadaky “Yslam döwleti” atly toparyna garşy ganatly raketa hüjümlerini amala aşyryp başlandygyny aýtdy.

Şoýgu bu barada 7-nji oktýabrda telewideniýede görkezilen çykyşynda belledi. Ol Kaspi deňzindäki dört gämiden 26 raketanyň uçurylandygyny we Siriýanyň günbatarynda nyşana alnan ýere ýetmek üçin 1500 kilometr çemesi aralygy geçendigini aýtdy. Şeýle-de, Şoýgu raketalaryň nyşana alnan ýere baryp ýetendigini sözüniň üstüne goşdy.

“Intensiw” howa zarbalary

Şol bir wagtyň özünde Orsýetiň öten agşam günbatar Siriýa uran howa zarbalarynyň yzy Siriýanyň hökümet güýçleriniň gozgalaňçylaryň pozisiýalarynyň azyndan dördüsine garşy guryýer hüjümleri bilen utgaşdy.

Siriýanyň Britaniýadaky Adam hukuklary obserwatoriýasy 7-nji oktýabrda rus uçarlarynyň Siriýanyň iki welaýatyna “intensiw” howa zarbalaryny urandygyny aýtdy.

Howa zarbalarynda merkezi Hama welaýatynda dört ýer, demirgazyk-günbatar Idlib welaýatynda bolsa üç ýer nyşana alyndy.

“Adatdakysyndan has intensiw”

Bombalaýyş Siriýanyň hökümetçi milisiýasynyň gozgalaňçylaryň pozisiýalaryna garşy guryýer hüjümleri bilen utgaşdy.

Siriýanyň Britaniýadaky Adam hukuklary obserwatoriýasy bu hüjümleriň “adatdakysyndan has intensiw” bolandygyny, emma adam ýitgileriniň bolup-bolmandygy barada häzirlikçe takyk maglumatyň ýokdugyny habar berýär.

Gürrüňi edilýän synçy toparyň ýolbaşçysy Rami Abdel Rahmanyň aýtmagyna görä, “ilkinji gezek howa zarbalary režim güýçleriniň we gozgalaňçylaryň arasyndaky guryýer söweşleri bilen bir wagtda geçirildi”.

Siriýadaky gozgalaňçylar, Türkiýe we Günbataryň birnäçe ýurdy Russiýany diňe “Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň söweşijilerini däl-de, oppozision güýçleri, şol sanda aram we yslamçy gozgalaňçylary howadan nyşana alýanlykda aýyplaýarlar.

Gury goşuny

Şol bir wagtda 6-njy oktýabrda Russiýanyň häkimiýetleri Moskwanyň Siriýada guryýer goşunyny ýerleşdirmejekdigini we prezident Başar al-Assadyň tarapynda söweşmek üçin meýletinçileri hakyna tutmaýandygyny tekrarladylar.

Russiýa “Siriýa gitmek üçin meýletinçileriň hiç birini çagyrmaýar we hiç kimi hakyna tutmaýar” diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa hepdelik brifinginde aýtdy.

Russiýa özüniň “Yslam döwleti” atly ýaragly toparyň söweşijilerini we beýleki ekstremistleri nyşana alýandygyny aýdyp, 30-njy sentýabrda Siriýada howa hüjümlerine başlady. Bu 1991-nji ýylda öňki Sowet Soýuzy dargaly bäri Moskwanyň ýurduň daşynda amala aşyrýan iň uly harby hüjümleridir.

Birleşen Ştatlar we onuň “Yslam döwleti” atly topary nyşana alýan koalisiýasyndaky ýaranlary Russiýanyň eden howa hüjümleriniň agalabasynda Siriýanyň hökümetine garşy aram opponentleriň nyşana alnandygyny aýtdylar. Şeýle-de olar Russiýanyň bu hüjümleri amala aşyrmak arkaly Assady goldamagy maksat edinýändigine ynanýarlar.

XS
SM
MD
LG