Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabadyň ulanyşa 'berilmeýän' jaýlary


Türkmenabat şäheriniň ”dört ýol” diýlip tanalýan ýolunyň ugrundaky täze gurlan ýaşaýyş jaýlar, uzakdan göreniňde, meniňki bolsun diýdirýär. Emma olar haýsy maksat bilen gurlan hem bolsa, gurlanyna bir ýyl geçse-de, henizem ulanyşa berlenok.

Göräýmäge, jaýlar ulanyşa taýýar, jaýlaryň daş töwereginde täze yşyklandyryş sütünleri dikilip, daşarda dynç alýanlar üçin ýörite oturgyçlar goýlupdyr. Jaýlaryň howlusynda bolsa çagalar üçin ýörite oýun meýdançalary oňarylypdyr.

Jaýlaryň töweregindäki ýollar betonlanyp, olaryň gyralaryna agaçlar ekilipdir. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda orta mekdep, sport mekdebi we sport meýdançalary, çagalar bagy bilen azyk dükanlary hem guruldy.

Jaýlar we amatlyklar

Gürrüňi edilýän ýaşaýyş jaýlary jemi 14 sany dört gatly binadan ybarat. Olar takmynan 300 maşgala niýetlenen. Bu jaýlar toplumynyň ýarpysy merkezi kiçi etrapçada ýerleşýän bolsa, ýarpysy “Üçpunkt” kiçi etrapçasynyň çäginde ýerleşýär. Olaryň ählisi hökümete degişli jaýlar.

Döwlet tarapyndan gurulýan şeýle jaýlar, adatça, hökümet işlerinde işleýänler üçin kredit esasynda satylýar. Bu jaýlaryň satylyş tertibi bolsa ilki bilen nobata ýazylmakdan başlanýar. Alyjy, nobaty ýetensoň, zerur dokumentlerini toplap, jaýyň 10% tölegini öňünden döwlete geçirýär we galan töleginiň şertnamasyny ylalaşyp, jaýa girýär.

Göräýmäne, ähli amatlyklary bolan we bir ýyl mundan öň açylyş dabarasy bolan bu jaýlaryň näme sebäpden häzire deňeç ilata paýlanmandygyny anyklamak başartmady. Emma jaýlaryň bahasyndan çen tutsaň, onda agzalýan meselede esasy bökdençlik olaryň bahasy ýaly bolup görünýär.

Jaýlaryň bahasy

Türkmenabat şäherinde gozgalmaýan emläk söwdasy bilen meşgullanýan we adynyň agzalmagyny islemedik bir söwdagäriň aýtmagyna görä, bu jaýlaryň bahasy, otag sany we ululygyna ýa-da kiçiligine görä, takmynan 30–80 müň dollar aralygynda kesgitlenipdir. Türkmenistanda ortaça aýlyk bolsa 300 dollar töweregi diýlip hasaplanýar.

Şeýle ýagdaýda bu jaýlaryň nähili satyljagy we täze jaý eýeleriniň bu tamlara haçan göçüp barjagy uly sorag. Bu ýagdaý, ”eýse bu mesele agzalýan jaýlar gurulmazdan öň göz öňünde tutulmadymyka?” diýen soragy döredýär.

Jaýlara bolan isleg

Emma jaýlaryň ulanyşa berilmän durmagy ýa-da giç berilmegi, şol jaýlara bolan islege hem öz täsirini ýetirýär. Meselem, şol jaýlaryň iki ýyllyk kepili bar, diýmek, täze öýlerde ýüze çykan islendik kemçiligi iki ýylyň dowamynda ony guran edaradan düzetmegi talap edip bolýar.

Netijede kepillik möhleti geçen jaýa göçüp baran adamlar, eger olarda kemçilikler bar bolsa, onda olary öz hasabyna oňartmaly bolarlar.

Şeýle-de şol jaýlaryň boş durmagy, olaryň daş-töweregine edilýän gözegçiligiň hem ünsden düşürilmegine sebäp bolýar. Meselem, eýýam käbir yşyklandyryş sütünleriniň çyralary döwlüp, jaýlarda oturdylan split sistemalary hem sökülip aýrylypdyr.

XS
SM
MD
LG