Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmen esgerleri adany doly eýelediler"


Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Garkyn etrabynda ýaşaýan türkmenler.
Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Garkyn etrabynda ýaşaýan türkmenler.

Türkmen esgerleriniň Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýerleşýän Amyderýadaky dawaly adany doly eýeländigi habar berilýär.

Ýakynda owgan wise-prezidenti general Raşid Dostumyň ýolbaşçylygynda geçirilen harby operasiýalaryň netijesinde söweşijileriň ençemesi gürrüň edilýän ada gaçyp barypdy.

Emma söweşijileriň bu adadan gaýtmagynyň yzýany, türkmen esgerleriniň adany doly eýeländigini, Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Garkyn etrabynyň häkimi wezipesini ýerine ýetiriji Muhammet Sahy Yhsan aýdýar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady Garkyn etrabynyň häkimi wezipesini ýerine ýetiriji Muhammet Sahy Yhsan bilen söhbetdeş boldy.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:04 0:00

XS
SM
MD
LG