Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Haýsy ýaşda durmuş gurmaly?


Türkmen ýaşlary.
Türkmen ýaşlary.

Golaýda Gürjüstanyň Parlamenti kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekleriň maşgala gurmagynyň öňüni almak maksady bilen, 18 ýaşyny doldurmadyk ýaşlaryň nikasyny bikanun diýip kesgitleýän ýörite kanunçylygy kabul etdi.

Mundan ozal – ene-atasynyň razylygy bolan halatynda – 16-18 ýaş aralygyndaky gürjüstanly ýetginjekler öz aralarynda durmuş gurup bilýärdiler. Mundan beýläk bu diňe suduň ýörite karary bilen mümkin bolar. Bu hem öz gezeginde käbir gürji ýaşlarynyň arasynda belli bir derejede nägileligi döretdi.

Maşgala gurmak üçin ýaş meselesiniň töweregindäki jedelleriň dowam edýän pursady, siziň pikiriňizçe häzirki döwür şertlerinde haýsy ýaşda maşgala gurulsa has talabalaýyk bolar? Näme üçin?

XS
SM
MD
LG