Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik gelinleri "SPID" barlagyndan geçmeli bolar


Gelin.
Gelin.

Täjigistanyň hökümeti Maşgala kodeksine girizilmeli üýtgetmeler hem goşmaça kadalar barasyndaky kanun taslamasyny kabul etdi. Bu çäkde Täjigistanda täze gelin boljaklaryň medisina barlagyndan geçmegi hökmany ýagdaýa getirildi.

Täjigistanyň hökümeti 27-nji noýabrda Maşgala kodeksine üýtgetmeler bilen goşmaçalaryň girizilmegi barasyndaky kanun taslamasyny mejlise hödürledi.

Mejlisiň kanun taslamasyny kabul etmegi bilen ýurtda resmi nikanyň öň ýanyndan medisina barlagyndan geçilmegi hökmany diýilýär. Hökümet şeýle çäreleriň HIW, ýagny SPID ýaly ýokanç keselleriň çalt ýaýramagynyň öňüniň almakda möhüm rol oýnaýandygyny belläpdir.

Täjigistan respublikasynyň prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, hökümet ýygnagy ýurduň baştutany Emomali Rahmonyň ýolbaşçylygynda geçirilipdir.

Döwlet programmasy

Ýygnakda Täjigistan respublikasynyň hökümetiniň Meliorasiýa we irrigasiýa gullugynyň başlygynyň 2011-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli aralygy öz içine alýan we kenar ýakalaryny pugtalandyrmak baradaky döwlet programmasynyň hasabaty diňlenipdir. Onuň bellemegine görä, Täjigistanyň ýeriniň ýüzden 93 bölegini daglyk emele getirýändir. Ýurduň umumy uzynlygy 30 müň km baryp ýetýän 1250 derýasy bar we olaryň aglabasynyň kenar ýakalary opurylmak howpy astynda. Her ýyl bahar hem tomus aýlarynda düşýän ygal, gar süýşmegi hem buzlaryň eremegi zerarly gaty uly ýitgi çekdirýän siller emele gelýär.

Onuň aýtmagyna görä, sil howpunyň öňüni almak üçin kenar ýakalarda 1386 km uzynlykdaky gorag berkitmeleri bilen suwuň badyny alýan 710 sany sowgutlar ýasalan. Şeýle çäreler sebäpli ummasyz çykdajylar edilýär. Ýöne sile garşy görülýän çäreler her ýyl tebigy päsgelçilikler sebäpli zyýan çekip, gaýtadan dikeldilmeli bolýar. Şol bir wagtyň özünde hem Penj, Wahş we Zarafşan derýalarynyň boýlarynda her ýyl 70-e golaý opurylyşygyň bolýandygyna aýratyn üns çekilipdir.

Kenar ýakalaryň berkidilmegi barasyndaky Täjigistanyň döwlet programmasy üçin 2011-nji we 2015-nji ýyllaryň arasynda 275 million 700 müň somon serişde goýberilmegi göz öňünde tutulýar. Ýöne bu ugurda diňe 2011-nji hem 2014-nji ýyllar bilen şu ýylyň 6 aýynyň dowamynda derýalaryň boýunda 82,5 km uzynlykdaky berkitmeleriň gurulmagy we oňarylmagy ýaly köpsanly işler üçin 210 million somondan köp çykdajy edilmeli bolupdyr.

Kanun taslamasy

Döwlet baştutany Emomali Rahmon jogapkärlere sil ýaly beýleki tebigy heläkçiliklere garşy esasy planlaryň gaýtadan işlenip taýýarlanmagy barasynda jikme-jik tabşyryklar berdi.

Hökümet ýygnagynda, Täjigistanyň prezidentiniň hemaýatkärliginde ýokary hünär öwreniş okuw jaýlaryna 2016-njy we 2020-nji okuw döwürleri üçin studentleriň kabul ediliş plany hem tassyklanypdyr. Şonuň ýaly-da ýygnakda 2016-njy we 2017-nji ýyllary öz içine alýan Täjigistan Respublikasynyň raýatlarynyň iş üpjünçiligi boýunça döwlet programmasy hem kabul edilipdir. Ol döwlet programmasynyň çäginde Täjigistan respublikasynda 2016-njy we 2017-nji ýyllaryň dowamynda 302 müň 300 iş orny täzeden dikeldiler ýa-da dörediler.

Ýygnakda şol bir wagtyň özünde Täjigistanyň ýokary mejlisiniň "Iş kepilligi" kanun taslamasyna garalypdyr we tassyklanypdyr. Ýokary mejlisiň aşaky ganaty tarapyndan, ýurtda öz güýjüni saklaýan kanunlara üýtgetmeleriň hem goşmaçalaryň girizilmegi taslamalary hödürlendi. Olaryň arasynda Täjigistan respublikasynyň baş kanuny, "Täjigistan respublikasynyň ýokary mejlisiniň kanuny", "Döwlet gullukçylygy barasyndaky kanun", "Maliýe kireýi (lising)", "Halkyň saglygyny saklaýyş" we maşgala kodeksi ýaly kanunlar bardyr.

Hökümet ýygnagynda şeýle-de 2016-njy we 2020-nji ýyllary öz içine alýan Täjigistan respublikasynyň öri meýdanlar baradaky döwlet programmasy, 2016-njy we 2020-nji ýyllary öz içine alýan gymmatly metallaryň öwrenilmegi we känleriň kesgitlenmegi baradaky döwlet programmasy we Wahdat şäheriniň, Murgap etrabynyň hem Huroson etrabynyň 2016-2020-nji ýyllarda sosial-ykdysady galkynyş programmasy kabul edildi.

XS
SM
MD
LG