Diňle

Häzir efire gidýär

“Perekrestok”

Geljek programmalar


Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2380

E-mail:
hat@azatradio.org

Goşmaça maglumat

Walýuta

USD / 
EUR
1,3767
EUR / 
RUB
0,0233
RUB / 
USD
31,108

Blog

Namysyny ýere kim çalýar?

Aşgabat şäheriniň 100 fontan diýen raýonyň ýerlerinde we şol raýonyň çägindäki Surikow köçesiniň ugrunda tümlük kebeliklerine günüň islendik wagtynda duşmak bolýar.
15.03.2010

Şu gün daşary ýurt medialarynyň birinden bir habar okadym. Ol habarda Azerbaýjandan, Türkmenistandan Türkiýä baran aýal-gyzlaryň birnäçesiniň ahlak bozuklygy bilen meşgullanýan wagty ele düşendikleri aýdylýardy.

Ol aýallaryň gazetde çagalara eneke bolmak üçin işe çagyrýan bildirişi okap, Türkiýä barandyklary hakda polisiýa görkezme berendikleri barada ele düşen zenanlar hakdaky habarda aýdylýardy.

Türkiýä işe diýip gidýän aýallar, umuman, bize mälim bolan maglumatlara görä, Türkmenistanda işleýän käbir türk firmalarynyň we türkler bilen işleşýän käbir türkmen firmalarynyň üsti bilen gidýärler. Ol zenanlaryň käbiri özleriniň çaga eneke bolýandygyny, käbiri bolsa gap-gaç ýuwup işleýändigini aýdýarlar.

Olaryň gürrüňine görä, enekelik üçin olara aýda bäş ýüz amerikan dollary tölenýär. Ýöne daşary ýurt mediasyndaky ýeňleslikde tutulan aýallar hakdaky habary okaňsoň, ol «enekelige» gidýänleriň kimdigine göz ýetirýärsiň.

Elbetde, Soýuzdan aýrylyp çykan respublikalarda, şol sanda Türkmenistanda-da işsizlik, erkek kişileriň neşekeşlige ulaşyp, maşgala eklemegiň aýallaryň başyna düşmesi ýaly betbagtçylyklar kän. Jaý ýykylmalar, jaý almak üçin gazanç çeşmesini edinmek adamlary her ýola atardy.

Bir zady aýdyp biljek


Ýöne Türkmenistan meselesinde bir zady aýdyp biljek: türkmenlerde terbiýesi şeýle bir bek maşgalalar bar, olar jaý tapmasa, ýerden ýerküme gazyp ýaşarlar welin, jelepçilik ýoly bilen jaý almaýarlar. Şeýle arassa maşgalalar derekli düşewünt bolmasa-da, ekin ekýärler, mal bakýarlar, köçe süpürýärler, zir-zibil dökýärler, nagyş bejerýärler, alaja ýüp örýärler, ýüplük reňkleýärler, janyňa howp saljak işleri edýärler welin, jelepçilik ýoluna düşmeýärler.

Şeýle bir arassa aýal maşgalalar bar: olar kerpiç zawodlarynda agyr-agyr kerpiçleri göterýärler, gijeki işlerde işleýärler, keselhanalaryň ganly düşekçelerini ýuwýarlar, gijesi bilen awtobus ýuwýarlar, demir ýollarda işleýärler... Üstesine zawodlarda çüýşe ýuwup, gijeler ýatman, keşde çekip, neşekeş ýan ýoldaşlaryna-da neşe pulam berýärler. Şeýle maşgalalar örän kän.

Jelepçilik ýoluna düşýänleriň köpüsi çagasyna terbiýe berip bilmeýän maşgalalaryň çagalary. «Türkiýä işe gidýän» diýip gidýänleriň köpüsi öz ýurdunda-da işläp ýurda hezil berýän adamlar däl. Mydama ýeňil eklenjiň yzynda. Jelepçilik edýänler ýurduň öz içinde-de ýeterlik. Ýöne türkmen polisiýasy olara hiç hili çäre görmeýär.

Başistik hökümetiň türkmeniň aýalynyň - erkeginiň başyna salan agyr günleri kän. Türkmenler gaty kösenýärler. Aýratyn-da, ýan ýoldaşlary neşekeşlige ulaşan, adamsy ýogalan aýallar kösenýärler. Emma şonda-da olar daşary ýurda gidip, jelepçilik etmeýärler. Daşary ýurtda-da, içeri ýurtda-da jelepçilik edýänleriň köpüsi şol bir terbiýesiz adamlaryň çagalary.

Hökümet arassa aýal maşgalalaryň kynçylyklaryny çözmäge kömek etjek bolmaly. Olary sylamaly. Aýal-gyzlaryň abraýy - ýurduň abraýy.

Parahat Ilmyradow Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: nabelli nireden: istanbul
15.03.2010 05:55
+0 / -0
Ay biz-a halyyyss owrenishipdirisem indi sheyle habarlary gazetlerden okap. Ilki bashlarda utanyp yere giryardim sheyle habarlary okap , kursdashlarymyn arasyna chykarlyk galanokdy. Yone bizin kelle agyrdanymyz bilen bu mesele chozulenok , yokardaky pyyadalar alada etmeseler.Turkmenistanda ish berilmese bulara hichhili chare peyda bermez , yene-de beter edip dowam ederler prostitusiya. Ish berilende-de indi mugt , ansat eklenje owrenishen kopusi , ibaly edep-terbiye gormedik , kan yzlaryna dolanaram oydemok men-a.
Muňa jogap

kimden: Dejjal nireden: aydan
04.04.2010 07:36
+0 / -0
adamlar bir zat bar olom ssr ol bizin agzymyza yatryp arak guydy shol dovurde namsjan turkmen halky ozunuin kim digni unutty ve hazirki yagdayin duip enesi bul boldy !!!

kimden: Robinson nireden: Ada
15.03.2010 11:50
+0 / -0
Turkmen halkynyng sheyle kosenchli gune dushmegi gaty gynandyryar. Turkmenistanyng hokumeti ile(turke, yapona) ish berenden oz halkyna hunar owretse bolmayamy?
Bize halky uchin yashayan dowlet ishgarleri gerek.

kimden: Merdan nireden: Germaniya
16.03.2010 12:22
+0 / -0
Dowlet adam ucindir!

kimden: aman
16.03.2010 12:45
+0 / -0
Yokarda aydylyshy yaly bu zatlar terbiyesiz mashgalalardan chykyar,yöne muna hökümet hem ishsizlik b-n goshant goshyar.Näme üchindir Owganystan yaly yurtlardan gelip shol ishleri etmeyärler,emma önki sssr den gelen bu hayasyzlygy edyärler.Ahlak tarapdan durnuksyzlyk bar.Sheyle bir söz bar:" yurtlar pulsuzlykdan däl,hayasyzlykdan batar". Eger hökümet islese bu problemany chözer,Diktatorlyk üchin edilen aladanyn dine 5 %i bu barada alada edilse in gysga wagt ichinde cözüljegine ynanyaryn.Türkmen telewidinyesinde öwünen bolyarlar: "Bizi dünyä tanady"diyip.Gynansagam bizi dünyä ine sheyleräk tanady...
Muňa jogap

kimden: Atsyz
16.03.2010 20:58
+0 / -0
dogir aydyan namusuzlukdan beyle zatlar ediyaler men sin edyan lebatan kop gelyaler ekonomik yagdayari dogrudanm pes. adamlar yone lebabin charrjov tarapindan gelyaler halashtanam shoncharak namedir halachtan dine oglanlar charjevdenem erkekler ayyal gizlar adimizi yere seryaler name halachli gizlarda bilenokmi beyle eklenci barde edep teriyeli mashgallar ayallarini ibrenok ishlemaga ozm baherdenli bizdede ayal gizlara ishlare ish yok veli turkiya geljek bolyan yok . hali dokan bolyalar dikin chatin ishleri aylik girdeyjileri 80 dollari gechmaye maximum. Ekenomik yagday pes dovlet seredenok ishsizlik diyip beydibermeli dal ahirin. turkmenistali diymage utandryaler . emma namisli arli turkmenlerem yashayar ahri .
Muňa jogap

kimden: ahmet nireden: usa
17.03.2010 04:24
+0 / -0
Lebapdan gelenler türkmenistan raydashy dalmi?
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
29.03.2010 19:29
+0 / -0
Senki eyyam diskriminassiya bolyar. Beyle diymegine hakyn yok. Otayik baryanlar TMnin hemme yerinden. Ahal welayatyndan az gidyanlerinin sebabi hem Ashgabat paytagtyna yakynlygy. Shol sebab bilenem az bolsadam ish bar, Lebap taraplarda hemde beyleki welayatlarda ish tapmak oran kyn, kochede oysiz ach gezip yoranlarem bar.

kimden: gena nireden: tanzaniya
16.03.2010 14:13
+0 / -0
Men Turkmenistanly ors, ondada nahili aglasym gelyar bu zatlary yatlasam.
Muňa jogap

kimden: ahmet nireden: usa
16.03.2010 16:49
+0 / -0
Genajan. Sen özin ors.yüregin türkmen
Muňa jogap

kimden: gena nireden: tanzaniya
17.03.2010 05:38
+0 / -0
Sagbol Ahmetjan. Men gaty gynanyan, Sebabi bizin namysly zenanlarada Turkiyede Ach goz bilen seredyarler. Olar gunasiz bolsadam, turklerin gozunde jelep bolup gorunyarler. Kabir zenanlar ishlerini bitiren son pullaryny talap etseler, olary pullaryny berman it yaly edip kovyarlar. Yagny men diyjegim, turkler daja itleredam beytmeyarler, emma bizinkileri kosap sheydyarler.
(................)
Muňa jogap

kimden: Redaktor nireden: Praga
17.03.2010 09:58
+0 / -0
Hormatly okyjy! RFE/RL etniki we dini çydamsyzlyklara garşy göreşýär. RFE/RL-niň sahypalarynda milletçilik äheňli we belli bir millete garşy ýigrenç döredýän teswirlere ýer berilmeýär. Teswirler belli bir adamyň ýa-da toparyň dini, etniki, jemgyýetçilik-ykdysady ýa-da medeni taýdan abraýyna şikes ýetirmeýän edep-ekramyň umumy standartlary esasynda alnyp barylmalydyr.

kimden: Türkmen Ogly nireden: Türkiye
16.03.2010 18:40
+0 / -0
Utanç, gaty utanç Türkmenistan üçinem Türkmen halky üçinem gaty utanç, biabrayçylyk, Türkmenin namysy-mertebesi yere çalynyar Barde okayan Türkmenler şonyn yaly habar çykan wagty utanyp yer yarylyar olaram giribilenok Türkmenin abarayyny iki köpük edyarler. Yolbaşçylar olara çare görenden-a geçen dine şol daşary yurda okuwa gitjek bolyan oglanlaryn önüne böwet bolyalar Türkmenin namysy-mertebesi ayal-gyzlarymyz hakda welin Döwlet hemme zady Hudaya tabşyrypdyr, agzyny açyp dur, şol mesele çözülman yatyr...

kimden: ynsan nireden: belarusiya
17.03.2010 13:29
+0 / -0
salam redaktor!gowymy yagdaylar!biza kiçijik internet sahypasyndada şikes yetirme diyip dursun!tursiyada umumy türkmen milletini ahlaksyz diyip gazetlerde yazypdyrlar!ve muna türkmenistan hökimeti yüzünem çytmady!siz sol zatlardan bihabarmy name?jogap bermeginizi hayyş edyaris!!!
Muňa jogap

kimden: gurban
19.03.2010 11:04
+0 / -0
http://arsiv.sabah.com.tr/2008/11/20/gny/akyuz.html Turk dilini bilyan watandaslarymyza okamagyny we gozden gacyryanlarymyzy basgalaryn gacyrmayandygyny, ustune gosup yazmagy basaryandygyny gorsun. Ahmet Calyk diyilyan adamyn gazetinde yazylan makalany, yazandan son Calygyn isden awtoryny isden kowan makalasyny okasyn.

kimden: Azat nireden: Hytay, Beijing
17.03.2010 20:49
+0 / -0
Salam gardashlar. Mening ozum paytagtly. Hazir Ashgabat, Ahal gyz-gelinlerining ichinde shunung yalylary oran kopeldi. Arassalary-da kan, elbetde. Bashistik rezhiming netijesi diyip dushunyarin. Yagny, Turkmenbashy adamlaryng gazanch yagdayyny oran oran kynlashdyrdy, ustesine gelin-gyzlara chenden artyk erkinlik berildi. Ongki dowurlerde ayal-gyzlaryng yakalary dar achylyan bolsa, bu dowurde olaryng geyim-gejimi chenden-asha uytgedi, hich-hili kontrol galmady. Bu yagdaydan yengilkelle zenanlar peydalanyp eden-etdilige bashladylar. Sheydip hem turkmening namysy yere dokulyar. Bu yagdaylara oran gynanyaryn. Biz oz watanymyzy hemme tarapdan turkmene gelishjek gornushde saklamalymyka diyyarin.

kimden: anna nireden: usa
18.03.2010 07:52
+0 / -0
Eziz watandashlar! Men hem Turkmen. Watanymyzy, halkymyzy, we watandashlarymyzy gaty soyyarin. Shu makalada aydylan zatlar ajy hakatlar. Commentariya yazyan ildeshlerimizin kopusi bu yagdayy dine terbie bilen baglashdyryarlar. Men bu pikir bilen doly ylalashyp biljekdal! Hawwa belli bir derejede bu terbia hem bagly. Yone bu yagdayyn gaty kop sebapleri bar. Yagny Turkmenistandaky social, yldysady, ahlak we sh.m. problemalar. Bu problemalar hem biri-biri bilen gaty yakyndan baglanshykly. Bu problemalar biri-birinden ayralykda doremeyarler ya-da yitip gitmeyarler. Kabir halatlarda bolsa bu yagdaylar, ayallaryn zorluk bilen mejbur edilmegi netijesinde hem, yuze chykyp bilyar. Bu gaty uly mesele. Sizin unsunizi chekjek yekeje zadym bolsa, ol hem bizin halkymyzyn oz arasyndaky jebissizligi! In barkisi shu yerde kommentariya yazyan 5-10 ildeshlerimiz hem ozlerinin ellerinde hich hili degerli subutnamalarynyn yoklugyna garamazdan, eyyam sheyle gune dushen ayallaryn mashgalalaryny gunalap, ya bolmasa bu ayallaryn belli bir welayatdan kop gelyandiklerini nygtap kommentariya yazyarlar. Menin pikirimche biz ozumizin bir halkdymyzy, watandashdygymyzy unutmaly daldiris. Hemmaniz - bir uly mashgala! Makaladaky yazylan yagdaya her kim dushup biler. Yagny beyle zatlardan hich kim dolylygyna goragly dal! Bu yerde hokumetdaki yolbashchylarymyzdan bahlap her bir Turkmen oz onyn goshandyny goshup sheyle meseleleri chozmeli. Biri-birimizi gunalap, ya-da bolmasa bu zatlaryn dine bir sbabi bar diyip otursak onda yalnysh bolar.  

kimden: Atsyz nireden: TR
18.03.2010 14:10
+0 / -0
Jelepçilikden başgada OGURYLYK bilen baglanşykly Türkmenlerin ayyplanyp gazete düşen yagdaylary Türkiyede kän. Olam ahlak bozuklugynyn bir görnüşi. Turkiyede bizin ildeşlerimize az aylyk töleyärler sebabi olar nelegalni işlemäge mejbur bolyarlar onsonda olar ogurylyga baş goşyarlar. Hatda arasynda adam öldürenler barada hem gazetlerde yazyldy. Türkmenlerden ägä bolun diyip duyduryşlar berildi. Menin pikirimce jelepcilik edyanler yüzlerçe bolsa ogurlyk edyänler münlerçe bar.
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSSMobil