Diňle

Häzir efire gidýär

Hepdä syn

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3051
EUR / 
RUB
0,0252
RUB / 
USD
30,3

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

Bloglar

Halk nirede ýaşamaly?

15.03.2010

12-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň Aşgabat şäherine hem-de onuň töweregine aýlanyp görendigini habar berdi.

Prezident paýtagtyň töwereginde wagtlaýyn gurlan jaýlaryň köpdügini aýtdy hem-de Türkmenistanyň baş prokurory Ç.Hojamyradowa we Içeri işler ministri I.Mulikowa şäheriň her bir etrabynda işleriň ýagdaýyna, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegi, paýtagtyň daş-töwereginde jaýlaryň bikanun gurulmagynyň öňüni almagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet baştutany Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewden wagtlaýyn gurlan jaýlary aýyrmak boýunça maksatnamany işläp taýýarlamagy talap etdi.

«Wagtlaýyn gurlan jaý»

Bu «wagtlaýyn gurlan jaý» diýilýänler näme? Olar nireden peýda boldy? Olarda kimler ýaşaýar?

Ol «wagtlaýyn gurlan jaý» diýilýänler prezident Nyýazowyň paýtagtyň keşbini täzelemek maksady bilen jaý ýykmak syýasatynyň netijesinde dörän hütdükler.

Prezident Nyýazowyň döwründe öýi ýykylan adamlara-da, maşgaladaky adamlaryň sanynyň artmagynyň we kiçi ýaşlylaryň ýetişip, öý-işik bolmagynyň netijesinde ulalan maşgalalara-da hiç hili jaý berilmedi. Diňe jaý däl, hatda ýigrimi ýyl bäri halka mellek berilmedi.

Iki-üç maşgala bilen iki-üç otagly jaýda ýaşamak adamlara aňsat düşmedi. Ýagdaýy ýetenler ýalbar-ýakar bilen kanalyň gaýra ýüzünden - tozap ýatan çölüň içinden häkimliklerden jaý aldylar hem-de iki-üç müň dollara wagtlaýyn ýaşar ýaly tünek edindiler.

«Wagtlaýyn gurlan jaý» diýilýän bu jaýlar paýtagtyň merkezinden şeýle bir uzakda ýerleşýär. Ol ýerlere awtobus marşrutlary hem derekli gatnamaýar. Mundan başga-da ol ýerlerde gaz, tok, suw meselesi-de problema. Ýöne şonda-da paýtagtda öýleri ýykylyp, häkimligiň beren iki otagly kwartirasyna sygyp bilmän galan uly maşgalalar mejbury ýagdaýda bu ýerde mellek alyp, kiçiräk hütdüjek gurunýarlar.

Halkyň pulsuzlygyndan bihabar ýa-da bihabarsyraýan häkimiýetler paýtagtda-da, onuň çet gyralarynda-da owadan jaýlary salmagy talap edýärler. Owadan jaýlaryň iň ýönekeýjesiniň («Arkaçgurluşyk» gurluşyk edarasynyň salýan jaýlarynyň) iki otaglysynyň bahasy kyrk müň amerikan dollary. Ilatyň ortaçy aýlyk haky bolsa 150-200 amerikan dollary.

Indi nirä gitmeli?

Häkimiýetlerden «jaý ber» diýen talaby edip bilmeýän adamlar sesini çykarman, nähilidir bir günlük bilen sygyr döle ýaly hütdük salnyp, şonda gün görýärler. Indi prezidentiň buýurmagynyň netijesinde halkyň şojagaz hütdükleri-de ýykyljak. Halk nirä gitmeli? Nirede ýaşamaly?

Ine, hernäçe ýygnak geçirseler-de, mejlis geçirseler-de, häkimiýetler şu sowallara welin jogap berenoklar. Şäheriň merkezinde «elita» diýlip gurlan jaýlaryň köp kwartiralary bolsa boş dur. Olaryň bahasynyň iň pesi ýüz müň amerikan dollary. Ýöne ol jaýlary indi hiç kim satyn alanok. Sebäbi puldarlar-a ol jaýlardan özlerine alyp goýdular. Gazanjy pes bolan ilat köpçüligi bolsa olary satyn alyp bilmeýär.

Häzir Aşgabatda sebitde iň bir gymmat otel bolan “Oguzkent” oteliniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Şol oteliň gurluşygy doly tamamlanansoň, paýtagtyň «Sekizinji mart», «Gaža» diýilýän ýerleriniň töwereginiň ählisindäki jaýlar ýykylmaly. Sebäbi bu gymmatbaha oteliň ýokarky gatlaryndan halkyň ýaşaýan hütdükleri örän betnyşan bolup görünýär. Bu agzalýan howly jaýlarda Aşgabadyň ep-esli ilaty ýaşaýar.

Halkyň ýaşaýan tüneklerini ýykmak hakda, ine, ýene-de bir görkezm-ä berildi. Biçäre halkyň: «Jaýyma eliňi degirme» diýen sözi aýtmaga-ha ýagdaýly ýok. Başa gelenini ýene bir gezek çeker-dä...

Garýagdy Meläýew Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
Şu forum ýapyk
Teswirleri
     
Teswirler
kimden: nabelli nireden: istanbul
15.03.2010 05:59
Ahli edyan ishleri sheyle-da bularyn ! Zat onarman gechjekler. Shol koshke yygnanyp naman gurrunini edyalerkaray ? Hey halk hakda gurrun edyalermika bir ? Watan habarlar gepleshiginde olaryn gurrunleri gorkezilenok , yone bir uyshmelen edip dargayalar oydyan. Bitiryan ibaly ishleri yog-a. Shonda-da uzakly gun ekranda-da bular.

kimden: Batyr nireden: USA
16.03.2010 03:08
ayy howwoda, Yone yokarky ketteler jaysyz ilatyn aladasyny etsinda diyip otursalar adamlar hic hacanam halk yerkumeden cykmanjyg gecer. Bizin Turkmenistanda adamlar henizem biri yokardan gelip bir zat eder, kettelerin yuregine rehim iner diyip bosh umyt etmekden bashka zady bilenoga. Adamlarda agzybirlik, bileleship hakyny talap etmek diylen dushunje yok. Shol dushunja yetmedik halk belki shondan govy yashaysha mynasyp daldir. Shuda kamahal kella gelyar bara....

kimden: Atsyz
16.03.2010 14:35
Irakda,Eyranda,Owganda we bashga erlerde Turkmenleri bashgalar ezyar yone Turkmenistanda bolsa oz-ozumizi ezyariz.Haram-Hor begler yurdy bir yandan yyka bashladylar.

kimden: Watansöyer nireden: Türkmenistan
16.03.2010 18:50
Aslynda No Comment! Teswirsi .Taze Galkynyşlar we Beyik Özgertmeler Zamanasy halkyn hal-yagdayynyn biderekleşyan, gaty erbetleşyan, juda yaramazlaşyan Döwri. Yaşasyn Arkadagymyz! Yaşasyn Halkyn Ogly!Yaşasyn Gahryman! Yaşasyn öyi-öwzary yykylan Beyik Türkmen Halky! Prezident,in jany sag bolsun! Halka name bolsa şol bolsun! Hany bizde Döwlet adam üçin-a?! Gije-gündüz şey diyip bizar edyaler-a?! Türkmen halkynyn eşretli durmuşy üçin taysyz tagalla edyaler-a?! Ay bolya-da name diyip name aytjak Akmak sürer döwrany, akyl Onyn hayrany (Magtymguly)

kimden: Azat nireden: Hytay
17.03.2010 21:04
Ey, Allah! Bu nahili dowur boldy?! "Gechen gowy bolayyar-la?" Turkmenbashy dowrinde "Shundan beteri bolmaz" diyerdik... Asyl yashulylarymyzyng "Beterinden saklasyn" diyen sozi dogry eken. Bu yagdaylaryng hey songy gelmeli dalmika, bizem hakyky osush yoluna dushmeli dalmikak?.... Hay, bolyar-da...
     

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS