Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýylanyň ýigreneni…


Hut birki ýyllykda-da beýle däldi. 2010-njy ýylda welin, nämüçindir Türkmenistanda Gyrgyzystana bolan garaýyş örän güýçli üýtgedi.

Hut geçen — 2009-njy ýylda-da Gyrgyzystana okuwa gidýän ýaşlar arkaýyn gidýärdiler, Watana gelip gitjekler kanikul döwründe gelip gidýärdiler. Olara «gidýäň» diýýänem ýokdy, «gelme» diýýänem.

Bu ýyl Türkmenistan döwletine ne döw çaldy? Gyrgyzystanda okaýanlaryň meselesi baradaky dawalaryň gürrüňi dünýä ýetdi. Hut ýaňy-ýakynda, sentýabr aýynda Gyrgyzystanda okaýan ýaşlaryň 174 sanysy öz okaýan ýerlerine gitmek islän çagy ýene uçaryň trapyndan düşürilip alnyp galypdyr. Bu barada çagalary Gyrgyzystanda okaýan ene-atalar gözlerini ýaşlap gürrüň berýärler.

Gyrgyzystanda bilim alýan ýaşlara Watana gelende iş beriljek däl. Olar Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa alynmaly däl. Ýurda dolanyp gelmän, Gyrgyzystanda okamaga galan ýaşlaryň ene-atalarynyň gazy, çyrasy kesiljek, özleri işden kowuljak.

Ene – atalar ýerli häkimiýetler tarapyndan özlerine şeýle haýbatlaryň atylýandygyny aýdýarlar.

Gyrgyzystanda okaýanlaryň garşysyna beýle bek çykylmagynyň aňyrsynda näme sebäp bar? Dünýäniň islendik döwletinde okamaga rugsat edilýär. Gyrgyzystanda welin okamak gadagan.

Şu ýyl Türkmenistanyň örän köp ýaşlary Belarusyň, Ukrainanyň, Moskwanyň, Tatarystanyň, başga-da dünýäniň köp okuw jaýlaryna okuwa girdiler. Olara hökümet tarapyndan doly rugsat berildi. Gyrgyzystanda welin okamak gadagan. Bu gadagançylygyň sebäbi Gyrgyzystanyň käbir welaýatlarynda ýüz beren uruş hereketlerimikä? Ýok, ol hem türkmen ýaşlarynyň Gyrgyzystana iberilmeginiň öňüne böwet basmak üçin sebäp däl eken.

Ahyrsoňy sebäp anyklandy. «Ol ýerde siziň çagalaryňyza ters dini düşünje berilýär. Wahhabylyk boýunça propagandistik işler geçirýänler bar» diýip, ene-atalara ahyr bir gün daşary ýurt raýatlaryny hasaba alyş we daşary ýurda gidýänlere rugsat berýän gullugyň bir işgäri düşündiripdir.

Gepiň tümmek ýeri

Diýmek Türkmenistanda dindarlaryň köpelerinden gorkulýar.

Soňky döwürlerde dini perde edinip, terrorçylyk işlerini amala aşyrýanlar dünýede köpeldi. Elbetde, bu zatlardan howatyr edilse, diniň ýurda ýaramazlyk bilen ýaýrajak ýagdaýlarynyň öňi alynsa kem däl. Ýöne gynandyrýan ýeri — bu ýerde ýaşlar jebir çekýärler. Olaryň eýýäm iki ýyl okanlary-da bar, üç ýyl okanlary-da. Pukara maşgalalaryň çagalary, okuwlaryny häli-şindi ol ýurtdan-başga bir ýurda geçirip ýörmäge-de gurplary ýetenok.

Türkmenlerde: «Ýylanyň ýigreneni narpyz — ol hem hininiň agzynda gögerer» diýen nakyl bar. Ýylan narpyz diýen ösümligi ýigrenermiş, ýöne şol narpyz hem mydama ýylan nirede hin ýasansa, hut şol ýerde gögerermiş.

Dinden gorky, howatyr etmek meselesinde-de şeýle. Ýurtda dini akymlaryň ýaýramagynyň öňüni okuwa gidýän talyplaryň ýoluna böwet basmak bilen alyp bolarmy? Geliň, bu sowala biziň her birimiz özümizçe jogap bereliň.

Din hökümetiň goltugynyň aşagynda ýaýraýar. Türkmenistanda metjitleriň täze gurulýan döwürlerinde metjitlere namaz okamak üçin barýanlaryň arasynda ýaşlar bolmazdy, diňe ýaşulular bolardy. Häzir welin (aýratyn-da juma namazy güni) metjitlere barýanlaryň arasynda ýaşlar, hat-da mekdep okuwçylary-da kän.

Indi adamlara diniň diňe ynsanlara ýagşylyk getirmelidigi hakdaky ündewleri düşündiräýmeseň, onuň öňüni alardan geçdi. Metjitlere namaz öwrenmek üçin gatnaýan çagajyklaryň sany-da ýylsaýyn köpelýär.

Halkyň radikal pikirli dindarlara öwrülmezligi üçin olara diniň gelip çykyşy hakdaky ündewleri ýetirip durmaly. Real durmuşda halkyň gowy zatlara arassa zähmet bilen ýetip bilýändigine subutnama bolar ýaly, halka birneme eşret paýlajak bolmaly. Sebäbi adamlar kösenip başlan halaty Hudaýyň ýoluna ýapyşýarlar.

«Aýbyny ýaşyran aýňalmaz» diýlişi ýaly, kösenýänleriň köpdügini bolsa gizlemäliň. Şol kösenýänleriň hemmesiniň-de ýeri gelende radikal häsiýetli dindarlaryň hataryna goşuljakdygy hakdaky pikiri-de tassyklap bolar.

Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG