Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donetskiň komandiri “Buk” raketalarynyň özlerinde bardygyny boýun aldy


Donetskiň komandiri “Buk” raketalarynyň özlerinde bardygyny boýun aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:57 0:00

Russiýa tarapdary separatistleriň komandiri Aleksandr Hodakowskiý (Aleksandr Khodakovsky) 22-nji iýulda “Reuters” habar gullugyna beren interwýusynda Ukrainanyň gündogarynda “Malaýziýanyň howaýollaryna” degişli uçary urup ýykmak üçin ulanylandygyna ynanylýan howa hüjümine garşy raketalarynyň bir görnüşiniň separatistlerde bardygyny boýun aldy. Hodakowskiý “Reuters” habar gullugyna beren interwýusynda, 17-nji iýulda “Malaýziýanyň howaýollaryna” degişli MH17 gatnaw ugurly ýolagçy uçaryny urup ýykmakda şübhelenilýän raketa goranyş ulgamyna salgylanyp, özüniň “Bukyň Luganskdan gelenini bilýändigini” aýtdy. Emma mundan gysga wagt soň Hodakowskiý, regionda “Malaýziýanyň howaýollaryna” degişli uçar urlup ýykylan wagty, separatistlerde “Buk” raketalarynyň bardygy hakda “Reuters” habar gullugyna aýdanlaryny inkär etdi.

XS
SM
MD
LG