Sepleriň elýeterliligi

Forumyň Düzgünleri


Biziň forumymyza we çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza garaşýarys, şeyle-de islendik çekeleşikde aşakdaky birnäçe düzgünleri saklamagyňyzy soraýarys:

1. Biz pikirleriňizi çäklendirmegi göz öňünde tutmaýarys, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş sögünçleri, pornografiki, gorkuzyjy, ýekiriji we ýigrenç döredýän gürrüňleri hem-de bikanun hereketleri öz içine alýan materiallaryň forumda ýerleşdirilmegine rugsat berilmeýär we şeýle ýazgylar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan bozulyp bilner.

2. Makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlere ýol berilmeýär.

3. Eger-de ýazylan teswiriň gižželeýji, ýagny prowakasion hasiýetlidigi güman edilse, onda ýazgynyň çap edilmegine rugsat berilmeýär.

4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk websahypalara ugrukdyrýan internet çelgileri (linkler) çap edilmeýär.

5. Teswirler we diskussiýalar, ýagny çekeleşikler kommersiýa maksady üçin ulanyp bilinmez.

6. Bilniksizden söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallara forumda ýer berilmeýär.

RFE/RL-iň işgärleri ýa-da ýörite bellenilen wekiller, çap etmezden ozal, forumda çap edilmegi islenilýän ýazgylary makullaýarlar.

XS
SM
MD
LG