Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tehniki kömek

azathabar.com ÜÇIN TEHNIKI KÖMEK


Siziň sahypaňyzda radiony nädip diňläp bilerin?

Websahypamyzda media çalyjylaryň aglaba köpüsi işleýär. Kompýuteriňiziň konfigurasiýasyna bagly bolmak bilen, biziň MP3 faýllarymyzy dogry sazlanan çalyjylaryň aglaba köpüsi arkaly diňläp bilersiňiz.

Eger kompýuteriňizde Windows ulgamyny ulanýan bolsaňyz, Windows Player çalyjysynyň awtomatiki usulda sazlanan bolmagy mümkin. Windows Media Player çalyjysynyň 9-njy we soňkraky görnüşlerini ulanmagy maslahat berýäris.

Eger siz Real Player çalyjysyny ulanýan bolsaňyz, onda onuň 10-njy we soňraky görnüşlerini ulanmagy maslahat berýäris.

Eger diňlemek üçin size çalyjy gerek bolsa, Real Player ýa-da Windows Media Player’i degişli sahypalardan kompýuteriňize salyp bilersiňiz. Çalyjylary kompýuteriňize salmak üçin şol sahypalardaky düzgünleri ýerine ýetiriň.

Saýlan çelgimdäki audio işlemedik ýagdaýynda näme edip bilerin?

Eger audio çalyjyňyz döwrebap bolup, onuň ýeterlik diapazon geçiriji bilen baglanyşygy bar bolsa, onda siz howpsuzlyk parametrleriňizi medianyň aýlanyşygyny ýola goýmak üçin üýtgedip bilersiňiz. Gynansak-da, şular ýaly meseleleri her ýagdaýyň diňe öz şertlerine görä çözmek mümkin. Eger iş ýeriňizde bolsaňyz, ýa-da internet-kafede diňlemek isleseňiz, onda kömek üçin tehniki administratora ýüz tutup bilersiňiz.

Browzerleriň haýsysy goldanylýar?

RFE/RL.org browzerleriň aglaba köpüsini goldaýar, emma sahypamyz Internet Explorer 7.x we Mozilla Firefox 1.x ya-da 2.x üçin sazlanan.

RFE/RL’i nädip öz baş sahypam edinip bilerin?

Windows - Internet Explorer 6 we onuň soňraky görnüşlerini ulanýanlar üçin:

- "Tools" menýusyny aç we "Internet Options" belligini saýla,
- “General” düwmesinde öňden bellenen bolmaly,
- Ýokarky bölekde “Home Page” bölümi görünmeli,
- “Address” diýen ýere www.azathabar.com salgysyny ýaz,
- Penjiräniň aşagynda ýerleşdirilen "Ok" düwmesine bas.

Windows - Firefox 2.x-i ulanýanlar üçin:

- "Tools" menýusyny aç we "Options" belligini saýla,
- "Main" düwmesini saýla,
- "Home Page" diýen ýere www.azathabar.com salgysyny ýaz,
- Penjiräniň aşak tarapyndaky "Ok" düwmesine bas.

MacOS X - Firefox 2.x-i ulanýanlar üçin:

- "Tools" menýusyny aç we "Options" belligini saýla,
- "Main" düwmesini saýla,
- "Home Page" diýen ýere www.azathabar.com salgysyny ýaz,
- Penjiräniň aşak tarapyndaky "Ok" düwmesine bas.

Eger onda-da problema çözülmese, bizden kömek soramak üçin email ýazyň.

Hyzmatlar

XS
SM
MD
LG