Diňle

Häzir efire gidýär

Agşamky programmalar

Geljek programmalar

Walýuta

USD / 
EUR
1,3467
EUR / 
RUB
0,0246
RUB / 
USD
30,174

Multimedia

Habarlaşyň

Telefon:
+420 2211 2 2424

SMS Aşgabat:
+993 66 185045

SMS Moskwa:
+7 906 793 6074

E-mail:
hat@azatradio.org

BIZ BARADA



Biziň missiýamyz:
RFE/RL-niň žurnalistleri erkin metbugat gadagan edilen ýa-da erkin metbugata päsgelçilik döredilýäň 20 döwletiň ilatyna habar berýär.

Biz senzura edilmedik habarlary, diskussiýalary we açyk çekeleşikleri halk köpçüligine ýetirýäris.


20 döwletde, 28 dilde:
Biziň gepleşiklerimiz 20 döwletde 28 dilde efire berilýär. 400-den gowrak žurnalisti, 750-den gowrak ştatdan daşary habarçysy we 19 sany ýerli býurolary bilen, RFE/RL dünýäňiň iň uly habar beriş serişdeleriniň biri hasaplanýar. (Karta serediň)

Demokratiýanyň esasy zerurlygynyň habardar edilen raýatlardygy baradaky düşünjä esaslanyp hem-de ýarym asyrdan gowrak döwri öz içine alýan tejribelerine daýanyp, RFE/RL aşakdaky ýörelgelerden ugur alýar:

1. RFE/RL obýektiw habarlary, analizleri hem-de demokratiýa we erkin bazara geçiş döwri üçin zerur bolan ýerli we regional meseleler boýunça çekeleşikleri halk köpçüligine ýetirýär.

2. RFE/RL demokratiki gymmatlyklary nazara alyp raýat jemgyýetçiligini güýçlendirýär.

3. RFE/RL etniki we dini çydamsyzlyklara garşy göreşýär.

4. RFE/RL ýerli media üçin nusga bolýar, media professionallygygny we garaşsyzlygyny güýçlendirmek boýunça türgenleşdiriş arkaly ýardam berýär hem-de ýerli habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.

5. RFE/RL regiondaky ýurtlar bilen dünýäniň ösen demokratiki jemgyýetleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam berýär.


RFE/RL-niň hemme žurnalistleri we žurnalistleriň habar taýýarlamak boýunça kömekçileri öz işlerinde aşakdaky görkezilen prinsiplerden ýörelge almalydyrlar:

Takyklyk

RFE/RL –niň žurnalistleri efire gidýän hem-de çapdan çykýan (şol sanda internet arkaly ýaýradylýan) materiýallarynyň dogrulygyny kepillendirmek üçin ellerinde baryny etmelidirler. Haçan-da faktlaryň belli ýerlerinde gapma-garşylyk ya-da gümanlyk bolan ýagdaýynda, maglumat azyndan iki sany garaşsyz çeşmä esaslandyrylmalydyr.

RFE/RL-niň žurnalistleri gep-gürrüňe esaslanýan ýa-da hiç hili esasy bolmadyk maglumaty çap ediş ýa-da efir üsti bilen ýaýratmakdan saklanýarlar.

Faktlara degişli goýberilen ýalnyşlyklar iň gysga wagtda düzediler.

Tarapsyzlyk

Maglumat wakalaryň we meseleleriň düşünilmegine ýardam etmek üçin ýoýulgysyz hem-de takyk faktlaryň esasynda diňleýjilere ýetiriler.

Žurnalistler hemme meselelerdäki gapma-garşylykly we üýtgeşik pikirleri deňagramlylyk bilen diňleýjilere ýetirýärler. Haçan-da toparlar ýa-da şahsyýetler deňagramlylygy saklamak üçin wajyp bolan pikirlerini we garaýyşlaryny bermekden saklansalar, şeýle ýagdaýlar barada makalada agzap geçmek ýerlikli hasap edilýär.

RFE/RL özüniň radio ýa-da telewideniýe arkaly efire berýän ýurtlarynyň (Efir meýdançasy) içindäki ýa-da daşyndaky islendik syýasy partiýadan, häkimiýetdäki ýa-da oppozisiýadaky toparlardan, bosgunlykdaky guramalardan, kommersiýa ya-da aýratyn bähbilti guramalardan we dini guramalardan garaşsyz bolmalydyr; şeýle hem belli bir syýasy, ykdysady, ýa-da dini pikir-garaýyşlaryň tarapyny tutmakdan ýa-da ýaýratmakdan üzňe bolmalydyr.

Analizler, kommentariýalar we redaksiýa degişli makalalar

Efire berilýän we çap edilýän hemme materiýallarda, diňleýjilere we okyjylara ýetirilýän maglumatyň ähmiýetini we netijelerini has anyk düşündirýän hem-de gozgalýan meseleleriň gelip çykyşy barada maglumat we düşündiriş berýän elementler bolmalydyr.

Köp halatda kommentariýa bermekden saklanylmaly. RFE/RL şahsy pikir-garaýyşlara baha berilemegini makullaýar. Kommentariýalar RFE/RL-niň işgärleri tarapyndan örän seýrek ýagdaýda we Efire Beriş Gullugynyň direktory ya-da Efire Beriş Gullugynyň direktorynyň orunbasary tarapyndan öňünden tassyklanan ýagdaýda yazylyp bilner. Daşarky bilermen tarapyndan berilýän kommentariýalar RFE/RL-niň professional standartlaryna gabat gelmelidir.

Ýerlikliligiň äheňi we sylanşyk

Efire berilýän we çap edilýän materiýallar hemişe döwrebap we esaslandyrylan çekeleşikleriň, şeýle hem her bir adamyň ynsan hukuklaryna sylanşygyň nusgasy hökmünde asuda we ýerlikli äheňde amala aşyryrlmalydyr.

Efire berilýän we çap edilýän materiýallar belli bir adamyň ýa-da toparyň dini, etniki, jemgyýetçilik-ykdysady ýa-da medeni taýdan abraýyna şikes ýetirmeýän edep-ekramyň umumy standartlary esasynda alnyp barylmalydyr.

Efire berilýän we çap edilýän materiýallarda zorluga sebäp boljak ýa-da şeýle ýagdaýlara meçew berip biljek maglumatlar bolmaly däldir. Durnuksyzlyk ýa-da beýleki dartgynly ýagdaylar baradaky materiallar deňagramly we faktlara esaslanan bolmalydyr.

Pikirleriň propagandasyndan gaça durmak

RFE/RL demokratik döwletleriň umumy gymmatlygy bolan demokratiýa we adam hukuklaryny goldaýar. Muňa garamazdan, RFE/RL belli bir syýasatlaryň we kanunçylygyň propagandirlenmeginden gaça durmalydyr; şeyle hem programmalar saýlawlara gatnaşjak dalaşgärleriň ýa-da belli bir wezipä belleniljek adamalaryň taraplaryny tutmak bilen olara goldaw ýa-da pasgelçilik bermekden gaça durmalydyr.

RFE/RL Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Konferensiýasynyň Helsinki Jemleýji Aktynda bellenip geçilen hemme adamlaryň öz erkini özleriniň kesgitleme hak-hukugyny goldaýar. Muňa garamazdan, RFE/RL-niň efire berýän we çap edýän materiýallary bölüjiligi propagandirlemeli däldir.

RFE/RL her bir ynsanyň halkara normalar esasynda kabul edilen syýahat we migrasiýa azatlygyny goldaýar. Şuňa garamazdan, RFE/RL-niň efire berýän we çap edýän materiýallary dönüklige we emigrasiýa meçew bermegi özüne maksat edinmeli däldir.

Ýerine ýetirilýän işiň etiki taýdan dogrulygy


RFE/RL-niň işgärleri we programmalary hem-de makalalary taýýarlamaga gatnaşyjylar işlerini ýerine ýetirmekde iň ýokarky etiki standartlary esas almalydyrlar. Olar bähbitleriň gapma-garşylygyny ýa-da şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagyny aradan aýyrmak üçin, özleriniň "Efir meýdançasynyň" içinde ýa-da daşynda şahsyýetler, toparlar, syýasy ýa-da ykdysady bähbitler bilen baglanyşykly ýagdaýlar barada aýratyn aladalanmalydyrlar.

RFE/RL-niň işgärleri hem-de programmalary we makalalary taýýarlamaga gatnaşyjylar hiç hili ýagdaýda özleriniň şahsy bähbitlerini kanagatlandyrmak üçin RFE/RL-niň abraýyndan ýa-da özleriniň jemgyýetçilik şahsy statuslaryndan peýdalanmaly däldir.

Önümler we hyzmatlar

PodcastRSS