Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki döwlete degişli edara-kärhanalarda aýal-gyzlaryň daşky keşbi bilen bagly çäklendirmeler täzeden güýçlendi.
“Türkmenistanda para ikinji dil ýaly durmuşymyza girizildi” – bu Mergen atly okyjymyzyň ýakynda “Türkmenistanda para nirede duş gelýärsiňiz?” soragy bilen açan forumymyzda galdyran teswiri.
Türkmenistandan Alternatiw habarlary çap edýän gurama tussaglykdaky žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewiň doglan gününe gabatlap, ýörite kampaniýa başlatdy.
Halkara Aýdyňlyk guramasynyň ýyllyk hasabatynda Owganystan, Türkmenistan we Özbegistan dünýäniň has korrumpirlenen we iň bir aýdyň däl ýurtlarynyň arasynda agzalýar.
Mary şäheriniň ýaşaýjylary soňky bir ýyldan bäri suw gytçylygyndan ejir çekýärler. Agyz suwy kranlardan günüň dowamynda diňe belli bir sagatlarda berilýär, ýagny Maryda suw sagatlaýyn berilýär.
“Memorial” guramasynyň “Owadandepe” gizlin türmesindäki bäş aý” ady bilen 22-nji ýanwarda ýaýradan maglumatynda abraýly atşynas Geldi Kärizowyň ýatlamalary köpçülige ýetirildi.
Türkmenistanda ruly sagdan çepe geçirilen awtoulaglara tehniki taýdan guratlygy barada resminama berilmeýändigi habar berilýär.
“Türkmenistanda Internetiň işleýşi sizi kanagatlandyrýarmy?” Azatlyk Radiosynyň azathabar.com websahypasynda orta atylan bu sorag okyjylaryň arasynda uly gyzyklanma we seslenme döretdi.
Döwlet sekretary Jon Kerri ABŞ bilen Saud Arabystanynyň dostlugy hemşekilerinden-de berk we bu iki ýurt Siriýadaky, Ýemendäki uruşlary soňlamak ugrunda bilelikde tagalla eder diýdi.
Aşgabadyň Çoganly, Gaža sebitlerinde müňlerçe jaýyň ýykylmagynyň paýtagtdaky jaýlaryň bahasyna, kireýine täsir ýetirendigi habar berilýär. Maglumata görä, Aşgabatda kireýine berilýän jaýlaryň bahasy tas iki esse diýen ýaly gymmatlady.
Welaýat ulaglary bilen Aşgabada girmäge goýlan gadagançylyk henizem dowam edýär. Welaýat belgili ulaglar şähere girmezden ozal polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri tarapyndan saklanýar.
Türkmenistanda ilata daşary ýurt puluny satmak düzgünlerine birnäçe üýtgetmeler girizildi we mundan beýläk fiziki şahslar daşary ýurt walýutasyny diňe bank hasaplarynyň üsti bilen satyn alyp bilerler.
Ýene-de ýükle