Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Çeşmeler

Kalendar

Abdylla Arypow

Abdylla Arypow

Özbegistanyň gahrymany, halk şahyry we Özbegistanyň döwlet gimninin sözleriniň awtory Abdylla Arypow penşenbe güni daşkendiň «Çigataý» gonamçylygynda topraga berildi.

Özbegistanyň gahrymany, halk şahyry we Özbegistanyň döwlet gimniniň sözleriniň awtory Abdylla Arypow penşenbe güni Daşkendiň «Çigataý» gonamçylygynda topraga berildi.

Abdylla Arypow 5-nji noýabrda, 75 ýaşynda Birleşen Ştatlaryň Tehsas ştatynda, Hýuston şäherindäki hassahanada medisina berjergisini alýan ýerinde jan berdi.

Azatlyk radiosynyň Özbek gullugynyň maglumatyna görä, şahyryň jaýlanan güni onuň öýüne Özbegistanyň iş başyndaky döwlet baştutany Şawkat Mirziýaýew, hökümetiň beýleki agzalary hem gelip, derwezäniň agzynda durup, ýasa gelenleri garşy aldylar.

«Men ozal beýle zady görmändim. Sebäbi şahyry jaýlamaga ýokary derejeli emeldarlaryň tas hemmesi geldi» diýip, Azatlyk radiosynyň Özbek gullugy garaşsyz žurnalist Abdyrahman Taşanowa salgylanyp ýazýar.

Şahyryň jaýlanýan pursaty

Şahyryň jaýlanýan pursaty

Abdylla Arypowy soňky ýoluna ugratmaga ýüzlerçe adam gatnaşdy.

Azatlyk radiosy şahyryň Birleşen Ştatlarda, ömrüniň soňky günlerinde ýazan goşgularynyň birini türkmençä geçirip, öz okyjylaryna hödürlemegi makul bildi.

***

Men uzak döwürler garakçy boldum,
Şu ýolda taplandy akyl we ýürek.
Özümden dänenim bir özüm bildim,
Seň neden garakçy bolmagyň gerek?

Men ýapyk binada ýaşadym gorka,
Delalat dagyna dyrmaşdym uzak.
Sen neden bu dünýä bakýarsyň ürke,
Sen neden dowuldan gurunýaň duzak?

Ýalançy dünýäde gün görmek üçin,
Çümmedik ýalanym galmady myrtar.
Sen nämüçin hilegärlik edýärsiň,
Ýalançylyk seniň nämäňe derkar?

Çem gelene boljak boldum hoşamaý,
Aýak ýalap gezdim aç pişik ýaly.
Egildi bir zaman dik bolan başym,
Men saňa hiç rowa görmen bu haly.

Seret ata-babaň şöhrat-şanyna,
Ýalan şöhrat gözläp, gorpa ýykylma.
Men durmuş ýolunda boldum oýunjak,
Hemem betbagt boldum, sen beýle bolma.

Özbekçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

Ýazyjy Anton Çehow

Ýazyjy Anton Çehow

Ýazyjy Anton Çehow "Ýaby familiýaly" eseriniň türkmençe terjimesi.

Işinden meýletin çykan general-maýor Buldeýewiň dişi agyrýardy. Ol agzyny arak we konýak bilen çaýkap, agyrýan dişine müşdegiň gurumyny, ajy, arçanyň sakgyjy, nebit ýaly maddalary basyp, ýüzüne hem ýod çalyp, soňam gulaklaryny spirtli pagta bilen dykýar ekeni.

Ýöne, şonda-da, bularyň hiç biriniň nepi degmändir. Diş agyry indi onuň halys ýüregine düşensoň, hekime ýüz tutupdyr. Diş hekimi onuň dişini arassalap, derman ýazyp goýberipdir.

Emma welin olam kömek etmändir. Agyrýan dişiniň sogrulmagy baradaky teklibe-de, general razy bolmandyr. Öýündäkileriň ählisi – generalyň aýaly, çagalary, hyzmatkäri, hatda aşpez Petka hem diş agyrga garşy özleriniň göreş tilsimlerini aýdyp beripdirler. Bazaryň gijeki garawullarynyň ýolbaşçysy, ýagny garawulbaşy Iwan Ýewseiç bolsa Buldwýewiň ýanyna gelip, diş agyryny jady bilen bejermegi maslahat beripdir.

Ol şeýle diýipdir:

– Alyhezretleri, mundan on ýyl owal biziň şäherimizde Ýakow Wasiliç atly bir salgytçy gulluk edýärdi. Dişi jady bilen bejermäge ol diýseň ökdedi. Bir gezek ýanyna baranymda, penjirä seredip pyşyrdady, tüýkürdi welin şol bada dişimiň agyrmany goýaýdy. Oňa şeýle ajap hünär berlen bolmaly.

– Ol häzir nirde?

– Ol salgyt edarasyndaky işinden çykarylansoň, Saratowda gaýyn enesiniň ýanynda ýaşaýar. Ol indi diňe diş bejermek bilen meşgullanýar. Kimiň dişi agyrýan bolsa, göni şonuň ýanyna barýar we ondan peýda görýär. Ol saratowlylary öz öýünde kabul edýär. Başga şäherlerde ýaşaýanlar bolsa ondan telegrafyň üsti bilen bejergi alýar. Alyhezretleri, oňa telegramma iberäýseňiz... Şeýe diýip ýazsaňyz, ýagny “Hudaýyň bir bendesiniň dişi agyrýar we oňy bejerip bermegiňizi haýyş edýärin”. Bejergi puluny hem poçta bilen iberersiňiz.

– Bu boş gürrüň! Aldawçylykdyr!

- Alyhezretleri, siz bir synanyşyp görüň. Aragy ýaman gowy görýändir. Özem aýaly bilen bile ýaşamaýar. Başga bir nemes aýal bilen ýaşaýar. Sögünmegem diýseň halaýar, ýöne onuň ýaly hünärli başga adam bolup bilmez!

Generalyň aýaly gobsunyp:

– Alýoşa, telegramma iberäý. Sen muňa ynanaňok. Ýöne hut meniň özüm synag edip gördüm. Sen ynanmasaňam habar iberip goýber, näme bolar öýdýäň! Eliň-aýagyň ysmaz bolmaz ahbetin!

Buldeýew onuň bilen ylalaşdy:

– Ýagşy. Goý, siziň aýdyşyňyz ýaly bolsun. Şeýle ýagdaýdaky adam janhowluna hut şeýtanyň özüne hem telegramma iberer... Wah, çekip-çydap bilemok-da! Ýagşy, hany aýt onda, seniň ol salgytçyň nirede ýaşaýar? Oňa näme diýip ýazaly?

General stoluň aňyrsyna geçip, eline galam aldy.

Garawulbaşy:

– Saratowda ony item tanaýar. Alyhezretleri şeýle diýip ýazsyn, ýagny Saratow şäherinde... Hormatly Ýakow Wasiliç aga... Wasiliçe...

– Onsoň?

– Wasiliçe... Ýakow Wasiliçe... Familýasy bolsa... Wah, familýasyny ýadymdan çykarypdyryn!.. Wasiliçe... Zäher bolsun saňa... Wah, onuň famiýasy nämedi? Siziň ýanyňyza gelýänçäm ýadymdady... Biraz rugsat beriň...

Iwan Ýewseiç asmana seredip oýlanýardy: onuň dodaklary müňküldäp, sandyraýardy. Buldeýew bilen aýaly sabyrsyzlyk bilen oňa seredýärdi.

– Hä, näme boldy? Hany basymrak bol, tijen bakaly!

– Häzir, häzir... Wasiliçe... Ýakow Wasiliçe... Wah, ýadymdan çykypdyr, zaňňar diýsäni... Ýönekeýje, ýaby bilen baglanyşykly bolan bir familýasy bardyla. Baýtalçy? Ýok, Baýtalow hem däl. Garaşyň, howlukmaň...

– Ýogsa-da ýaby atlaryndan başga bir zatmy?

– Ýok, taýçanak zadam däl. Ony bilýän-le, wah, at atlaryndan bir zatdy, ýöne nämedi – ýadymdan çykypdyr.

– Daýy bir zatdymy?

– Ýok, ýok! Garaşyň, howlukmaň hany... Baýtal, Baýtally, Ganjykow...

– Bu adamyň familýasy däl, itiň familýasy boldy, Daýçaýew!

– Ýok, Taýçanak hem däl... Atow... Atly zat... Taýçanak... Ýok, bularam däl.

– Ýeri bolýa-da, bes et indi. Men oňa näme diýip ýazaýyn? Sen hany bir oýlan!

– Hany bir synanşyp göreýin ýene bir gezek... Gulanly... Gulanow... Gulançy...

Generalyň aýaly sowal bilen ýüzlendi:

– Belki, Ýabyly bolmasyn?

– Ýok, olar ýaly däl. Alaşaýew... Ýok, olam däl. Ýadymdan çykypdyr!

General darykdy:

– Haý, seni öküz süssün. Ýadyňdan çykan bolsa, onda näme üçin kellämiziň etini iýýärsiň? Güm bol şu ýerden!

Wideo: Anton Çehowyň “Ýaby familýaly” atly hekaýasy esasynda taýýarlanan Moskwa teatrlarynyň birinde görkezilen oýundan bir pursat.

Iwan Ýewseiç emaý bilen otagdan çykdy. General bolsa, elleri bilen ýüzüni tutup, otagyň içinde iki ýana aýlanmaga başlady.

Arasynda hüňňürdäp şeýle diýýärdi:

- Eý, Hudaý, men nähili güne düşdüm! Dünýä maňa zyndan boldy!

Garawulbaşy daşardaky bagyň içine gidip, al-asmana seredip, salgytçynyň familýasyny ýadyna salmaga synanyşyp ugrady:

– Atçyýew... Atçylar... Atçapar... Ýabyly...

Bir haýukdan soň ony generalyň ýanyna çagyrdylar.

– Ýadyňa düşdümi?

– Alyhezretleri, wah, näme etsemem, ýadyma salyp bilemok-da.

– Belki Atdanowdyr? Atdan? Hä? Şeýle dälmi?

Öýdäkileriň hemmesi dürli familýalary oýlap tapmaga başladylar. Atlaryň ýaşy we jynsy barasynda bir at bar bolsa, şondan familýa ýasap çykdylar: atyň ýalyny, toýnagyny, şygyrlaryň böleklerini ýatladylar... Öýüň içinde, bagda, hyzmatkäriň otagynda we aşhanada bar bolan adamlar pyrlanyp-aýlanyp, ýeňselerini gaşap familýa gözlediler...

Olar garawulbaşyny ýygy-ýygydan ýanyna çagyrdylar:

– Ýylkyýew? Ýylkyly? Ýylkyçy?

Iwan Ýewsewiç:

– Ýok, olar ýaly zat däl – diýip jogap berip, al-asmana seredip oýlanmagyny dowam edýärdi.

– Alaşa... Alaşaly... Alaşalyýew...

– Ata? – diýip, çagany otagyndan çagyrdylar: – Arabaýew! Jylowly...

Uly ili alada goýupdy. Diş agra döz gelip bilmeýän general salgytçynyň familýasyny tapan adama bäş manat pul baýrak berjegini aýtdy. Adamlar topar-topar bolup Iwan Ýewseiçiň ýanyna geldiler...

Olar şeýle diýýärdi:

– Dor! Dorly! Dordan!

Aşgam boldy, ýöne familýadan henizem habar-hatyr ýokdy. Hiç kim ony oýlap tapyp bilmedi.

Ahyrynda bialaç telegramma ibermän ýatmaly boldular.

General uzak gije ýatyp bilmedi. Otagyň içinde iňňildäp, eýläk-beýläk aýlandy durdy... Säher wagty sagat üçde öýünden çykyp, garawulbaşynyň penjiresini tykgyldatdy we aglamjyraýan ses bilen sorady:

– Ýüwrüg-ä däldir-dä herne?

– Ýok, alyhezretleri, Ýüwrük hem däl – diýip, Iwan Ýewseiç jogap berdi we günäkär adam şekilli ulydan demini alyp, ah çekdi.

– Belki, at maşgalasyndan däl-de, başga maşgaladandyr!

– Alyhezretleri, çakym dogry, at maşgalasyndan bolmaly. Hut şol ýeri gaty gowy ýadymda.

– Eý, zaňňar, seniň beýle ýatkeş bolaýşyňy diýsene! Bu familýa indi meniň üçin dünýäde hemme zatdan ähmiýetli boldy. Alajyny tapyp bilemok!

General ir bilen ýene hekimiň ýanyna adam iberdi.

– Aýt, goý, gelip sowursyn! Mundan beýläk çydap bilemok...

Hekim geldi we agyrýan dişini sowrup berdi. Hut şol bada dessine dişiň agyrysy ýom-ýok boldy. Generalyň dünýäsi giňäp gitdi. Hekim işini tamamlap, muzduny alandan soň öz ulagyna münüp, ýola düşdi. Derwezeden çykanda Iwan Ýewseiçe duş geldi...

Garawulbaşy ýoluň gyrasynda durup, ýüzüni sallap, çuňňur oýa batypdy. Maňlaýyndaky ýygyrtlar we ýüzüniň agraslygy, onuň pikir dünýäsine gark bolandygyny aňladýardy.

Hüňür-hüňür edip öz ýanyndan:

– Eýerow... Eýerli... Çekiýew... Çekili... Gaňňaýew... Gaýyşow...

Hekim oňa ýüzlendi:

– Iwan Ýewseiç, gadyrgan, sizden bäş çärýek arpa alyp bilerinmi? Biziň şäherlilerde arpa bar welin, olaryňky gaty hapa-da...

Iwan Ýewseiç birden çiňňerlip hekimiň ýüzüne seretdi we birden täsin görnüşde gülümjiredi.

Oňa hiç zat diýmän el çarpyp, generalyň öýüne tarap alaňsady. Ol edil guduz it kowalaýan ýaly ylgaýardy.

Özüni generalyň otagyna bat bilen oklap, begençli hem batly ses bilen gygyryp goýberdi:

– Alyhezretleri, tapdym! Tapdym! Hudaý jan hekime berk jan-saglygy bersin. Salgytçynyň familýasy Arpaýew ahyryn! Hawa, Arpaýew, alyhezretleri, Arpaýewe telegramma iberiň!

General bolsa gazaba münüp:

– Al – diýip, iki eliniň ýumrugyny düwüp, oňa başam barmaklaryny süýem barmak bilen orta barmagyň arasyndan çykaryp görkezdi. – Indi seniň at maşgalasyndan bolan familýaň maňa geregi ýok. Al, ynha!

Rus dilinden terjime edildi.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG