Adam hukuklaryny goraýan gurama 31-nji iýuldaky beýanatyndaAskarowyň azat edilmegi barada ýene bir gezek çagyryş edip, 68 ýaşyndaky tussagy “wyždan bendisi” hökmünde häsiýetlendirdi.
Täjigistanyň Barzob raýonyndan bolan 19 ýaşly gyz özüni obadaşynyň zorlap, hiç ýere arz etme diýip, haýbat atandygyny aýdýar.
Hatlon welaýatynyň 64 ýaşly ýaşaýjysy Emom Zabirow 18 ýaşly gelnini özüni öldürmek derejesine ýetirendigi üçin saklandy. Çaýhun raýonynyň Zarnisor gyşlagynyň ýaşaýjysy yzygiderli kemsitmeleri hem gysyşlary bilen gelni Gülbahor Faromarzowany öz janyna kast etmäge ýetiripdir.
Türkmenistan Täjigistana dahylly ýük maşynlaryny eýýäm ýarym ýyl bäri öz üstünden geçirmeýär, täjik häkimiýetleri ýük gatnatmagyň başga, has uzak ýollaryny tapmaly boldular.
Halkara guramalaryň maglumatyna görä, Owganystandan gaýdýan tonnalap neşe Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň hem Gazagystanyň üstünden Orsýete we Ýewropa geçirilýär.
Andijan welaýatynyň Marhamat raýonyndaky bäbekhana toplumynda bolýan aýallardan, Azatlyk Radiosyna iberilen suratda, çaga dogran aýallar bäbekleri bilen polda ýatýarlar. Bäbekhananyň baş wraçy aýallaryň polda ýatýandygyny inkär edýär.
Bişkek şäheriniň häkimligi hapa taşlanýan gaplary ilkinji gezek aýry-aýry edip başlady. Paýtagtda plastika, kagyz hem çüýşe galyndylar üçin aýratyn gapyrjaklar goýylýar.
14 ýaşyndaky oglan Jyzak şäherindäki köpugurly çagalar keselhanasynda ýogalandan soň, onuň agasy eli pyçakly wraçyň üstüne topuldy. Hadysa şaýat bolanlaryň Azatlyga aýtmagyna görä, 26 ýaşy ýigit kiçi doganynyň ölmeginde wraçy günäkärleýär.
Ýene-de ýükle