Özbegistan özüniň reformalar ýoluna düşendigini Günbatara ynandyrmak üçin, habar serişdeleriniň giň çäkdäki kompaniýasyna başlatdy.
Oktýabr aýynda Täjigistanyň ýaşaýjylarynyň ýanyna elleri desse-desse kagyzly adamlar gelip, hojalykda näçe adamyň ýaşaýandygyny hem-de olaryň emlägine degişli maglumaty hasaba alarlar.
Batkende 26 ýaşly, üç çagaly aýal adamsynyň urup-ýençmeginden aradan çykdy. Şübhe bildirilýän hökmünde Batken şäheriniň 31 ýaşly ýaşaýjysy saklandy. Onuň görkezmesine görä, özara dörän dawadan soň ol aýalyny urupdyr.
Samarkant welaýatynyň Iştihan raýonyndaky 3-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Suhrob Karşiboýew mekdep jaýynyň içinde parkyldawyk ýardy diýip, mekdep direktorynyň orunbasary Adham Ruziýew ony urýar, soňra jaýyň ikinji gatyndan aşaklygyna iterýär.
Özbegistany Owganystan bilen baglanyşdyrýan Haýraton köprüsinden şu ýylyň 3-nji ýanwarynda geçen 300 awtomobilden 100 sanysy Mazary-Şerife gaýdanlarynda arak alyp gidipdir.
Kara-Kulža raýonynyň Sary-Kamyş aýlagynda eli çeper adamlar döreden zatlaryny Internetiň üsti bilen satmagy öwrenýärler. Olar tikinçilik edýärler, dokma dokaýarlar, keşde gaýaýarlar.
Birinji prezidentiň diri wagtyndaky ikinji prezident öňki ýolbaşçy tarapyndan taýýarlanan plan esasynda, hökümet başyna geldi. Hökümdarlygy bir ýolbaşçydan beýleki ýolbaşça bökdençsiz çalşyran «hökümet tranziti» geçip barýan ýylda halkara habar serişdeleriniň esasy temasyna öwrüldi.
Ol saklanan deslapky tussaghanada otyr, hossarlary oňa ýöňkelýän günäleri ret edip, boşadylmagyny talap edýärler. Beýleki tarap bolsa ol adama adalatly jeza berilmegini gazanmaga çalyşýar.
Yslam akademiýasyny döretmekden maksat ýolbaşçy gullukçylaryň jemgyýetdäki dürli dini akymlardan baş çykarmagyny gazanmakdan, ýolbaşçylaryň häzirki zaman dini düşünjesini ösdürmekden ybarat boljakdygyny Bilim we ylym ministrligi öňe sürdi. Ýöne soňra ol pikir üýtgedildi.
Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Fergana welaýatynyň häkimi Şuhrat Ganiýewiň haýbatly sesi gelip gowuşdy, onda Fergananyň Kuwa raýonynda elektrigiň hem gazyň ýokdugy sebäpli närazylyk bildiren adamlaryň ýazgysyny ýaýradan blogere haýbat atylýar.
Ýene-de ýükle