«Maşgalany zorlukdan goramak we öňüni almak» kanunyna düzediş girizmek Gyrgyzystanyň parlamentinde gyzgyn çekişme döretdi.
Golaýda Özbegistanda parlament saýlawlary tamamlanandan soň, prezident Şawkat Mirziýaýewiň wada beren reformalaryna jemgyýetiň ynamy berkedi. Saýlawdan soň parlamentiň kanunçylyk palatasynda deputatlaryň ortaça ýaşy aşaklady hem onda aýallar köpeldi. Ýöne üýtgejek zat az boljaga meňzeýär.
Gazagystanyň graždanini Rahyžan Zeýnolla indi 16 ýyl bäri Hytaýdan çykyp bilenok. Onuň aýaly Farida Kabylbek adamsynyň 13 ýyllyk türme tussaglygyndan soňra, bir ýarym ýyl «syýasy taýdan täzeden terbiýeleniş lagerinde» saklanandygyny aýdýar.
Kämillik ýaşyna ýetmedik, hossarlaryny ýitirip daşary ýurtda galan çagalary Içeri işler ministrligi ýurda getirmeli. Bu düzgüni Özbegistanyň Ministrler Kabineti şu ýylyň 7-nji ýanwaryndaky № 6 karary bilen tassyklady.
Ony hossarlary çaga wagtynda, raýatlyk urşy sebäpli, 1994-nji ýylda Duşenbeden alyp gidipdiler, olaryň jaýyna top oky düşdi. Maşgala keseki ýurtda, öz ata mekanyndakydan düýpden başgaça bolan şertde ýaňadan durmuşa başlapdy.
Halkara köpçülikleýin habar serişdeleri Hytaýyň Şinjiang welaýatynda etniki azlykdaky milletleriň, şol sanda gazaklaryň hukuklarynyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar.
Özbegistan özüniň reformalar ýoluna düşendigini Günbatara ynandyrmak üçin, habar serişdeleriniň giň çäkdäki kompaniýasyna başlatdy.
Oktýabr aýynda Täjigistanyň ýaşaýjylarynyň ýanyna elleri desse-desse kagyzly adamlar gelip, hojalykda näçe adamyň ýaşaýandygyny hem-de olaryň emlägine degişli maglumaty hasaba alarlar.
Batkende 26 ýaşly, üç çagaly aýal adamsynyň urup-ýençmeginden aradan çykdy. Şübhe bildirilýän hökmünde Batken şäheriniň 31 ýaşly ýaşaýjysy saklandy. Onuň görkezmesine görä, özara dörän dawadan soň ol aýalyny urupdyr.
Samarkant welaýatynyň Iştihan raýonyndaky 3-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Suhrob Karşiboýew mekdep jaýynyň içinde parkyldawyk ýardy diýip, mekdep direktorynyň orunbasary Adham Ruziýew ony urýar, soňra jaýyň ikinji gatyndan aşaklygyna iterýär.
Özbegistany Owganystan bilen baglanyşdyrýan Haýraton köprüsinden şu ýylyň 3-nji ýanwarynda geçen 300 awtomobilden 100 sanysy Mazary-Şerife gaýdanlarynda arak alyp gidipdir.
Kara-Kulža raýonynyň Sary-Kamyş aýlagynda eli çeper adamlar döreden zatlaryny Internetiň üsti bilen satmagy öwrenýärler. Olar tikinçilik edýärler, dokma dokaýarlar, keşde gaýaýarlar.
Ýene-de ýükle