Gazagystanda koronawirus epidemiýasynyň ýaýramagy bilen ýurduň ykdysadyýetinde hem medisina pudagynda agyr krizis döredi. Muňa garamazdan, ýurduň öňki prezidenti hem-de Howpsuzlyk geňeşine ömürlik ýolbaşçylyk edýän Nursoltan Nazarbaýew köpçüligiň nazaryndan ýitdi.
"COVID-19 barada maglumat bermegi başarman we bu baradaky maglumatlary basyp saklamak bilen, Türkmenistan we Täjigistan raýatlarynyň saglygyna uly howp salýar" diýip, HRW-nyň beýanynda aýdylýar.
Gazagystanda Aýnagülüň öňki adamsy aýalynyň tenine şikes ýetirip, bu baradaky habar hem onuň fotosuraty sosial ulgamda ýaýrap, jemgyýetçiligiň pikirini özüne çekenden soň, ýagny hadysadan 21 gün geçende tusag edildi.
Gazagystanyň Türkestan oblastyndan bolan 17ýaşly Farhat Ibadulla soňky sekiz aýyň dowamynda Günorta Koreýanyň Ansan şäherinde ýaşaýar. Iş gözleginde ol her gün «bendiler bazaryna» çykýar.
Moskwanyň ýaşaýjylary koronawirus pandemiýasy sebäpli has berkeýän öýde galmak düzgünlerini berjaý etmäge mejbur bolýan mahaly, köçelerde migrant işçileriň yzygiderli görülmegi bilen, şu günler rus paýtagtyny hakykatda kimiň "dolandyrýandygy" barada ksenofob degişmeler peýda boldy.
2013-nji ýyldan geçen ýyl, "ýyllap dowam eden ýanamalardan" soň ýapylýança, Şarifor garaşsyz "Ozodagon" habar saýtynda köplenç adam hukuklarynyň we din azatlygynyň bozulmalary barada öz pikirini ýazdy diýip, žurnalistleri goraýan gurama belledi.
Türkmenistanda häkimiýetler has öte geçdiler we adamlaryň öz watanlaryna "şyltak" atmaklarynyň öňüni almak üçin olaryň daşary ýurtlara syýahat etmeklerine hem gadaganlyk girizdiler, bileleşmek azatlygyny bogup sakladylar.
Gazagystanda ýaýran koronawirus epidemiýasy sebäpli birnäçe topara degişli tussaglary türmeden boşatmagyň zerurdygyny adwokat Abzal Kuspan öňe sürýär. Muny ol türme şertlerinde koronawirusyň ýaýramak howpunyň ýokarydygy bilen düşündirýär.
“Ynsan saglygyny we ömrüni goramak biziň baş maksadymyzdyr” diýip, Berdimuhamedow öz çykyşynyň dowamynda aýtdy.
27-nji martda Duşenbe şäheriniň 32 ýaşly meri Rustam Emomali, prezident Emomali Rahmonyň ogly Täjigistanyň parlamentiniň ýokary palatasyna – Milli Mejlise saýlandy.
Ýene-de ýükle