Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda ol aýaly soňky ýoluna ugratdylar, onuň ölüminde adamsyna şübhe bildirilýär. Ölmezinden sähel wagt öň ol adamsynyň üstünden polisiýa arza ýazypdyr.
Täjigistan birnäçe aýlap özüniň dünýäde koronawirus näsaglary hasaba alynmadyk sanlyja ýurtdan biridigini yglan edip gelenden soň, bu wirus bilen kesellän adamlaryň hassahanalary doldurmagy bilen, häzirki wagt Duşanbe ölüm howply wirusyň täsirinden sarsylýar.
Gyrgyzystanda COVID-19 güýjeýän wagtynda aýallary we gyzlary maşgaladaky zorlukdan goramak üçin, BMG hem-de Ýewropa bileleşiginiň «Ýagtylyk şöhlesi» inisiatiwasy 200 müň dollar bermegi karar etdi.
15-njiaprelde Germaniýanyň polisiýasy Demirgazyk Reýn - Westfaleniň dürli ýerlerinden, asly Täjigistandan bolan birnäçe adamy tussag etdi. Olara terror aktyny taýýarlamakda şübhe bildirilýär.
Täjigistanyň gündogaryndaky Nurabat raýonynyň ýaşaýjylary 17 ýaşly gyzy ýekegapan öldürenden soň, köp wagt geçse-de, hökümetleriň muňa garşy çäre görmeýändigine närazylyk bildirýärler. Hökümetler ýabany haýwanlaryň adama edýän hüjümine garşy hiç bir çäre görmän gelýär.
Gazagystanda koronawirus epidemiýasynyň ýaýramagy bilen ýurduň ykdysadyýetinde hem medisina pudagynda agyr krizis döredi. Muňa garamazdan, ýurduň öňki prezidenti hem-de Howpsuzlyk geňeşine ömürlik ýolbaşçylyk edýän Nursoltan Nazarbaýew köpçüligiň nazaryndan ýitdi.
"COVID-19 barada maglumat bermegi başarman we bu baradaky maglumatlary basyp saklamak bilen, Türkmenistan we Täjigistan raýatlarynyň saglygyna uly howp salýar" diýip, HRW-nyň beýanynda aýdylýar.
Gazagystanda Aýnagülüň öňki adamsy aýalynyň tenine şikes ýetirip, bu baradaky habar hem onuň fotosuraty sosial ulgamda ýaýrap, jemgyýetçiligiň pikirini özüne çekenden soň, ýagny hadysadan 21 gün geçende tusag edildi.
Ýene-de ýükle