Täjigistanda koronawirusyň bardygynyň resmi taýdan uzak wagtlap ýaşyrylmagy hem saglygy saklaýyş pudagyndaky ukypsyzlyk beýle krizisiň öňünde durmakdan ejizdigini görkezdi. Ýurduň bilermenleri hem köp ýaşaýjylary muny hökümetiň bagyşlap bolmajak ýalňyşlygy hasap edýärler.
11-nji maýda Russiýanyň hem Gazagystanyň serhedinde öz ýurduna dolanan ýüzlerçe özbek migranty jemlenip başlady. Olar Gazagystanyň hem Özbegistanyň hökümetlerinden Özbegistana aşar ýaly, tranzit ýoluň açylmagyny soraýarlar.
Metbugatda, hususan-da sosial mediada hökümetiň Sardoba bendiniň gurluşygyna, 2017-nji ýylda tamamlanan millionlarça dollarlyk sekiz ýyllyk taslama jogapkär adamlary jogapkärçilige çekmegi babatda çagyryşlar edildi.
Gyrgyzystanda alty çaganyň enesi adamsynyň yzygiderli urup-ýenjip durmagyndan gaçyp, Jalal-Abatdan Bişkege gelipdir. Çagalary adamsynyň ýanynda galypdyr.
Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda ol aýaly soňky ýoluna ugratdylar, onuň ölüminde adamsyna şübhe bildirilýär. Ölmezinden sähel wagt öň ol adamsynyň üstünden polisiýa arza ýazypdyr.
Täjigistan birnäçe aýlap özüniň dünýäde koronawirus näsaglary hasaba alynmadyk sanlyja ýurtdan biridigini yglan edip gelenden soň, bu wirus bilen kesellän adamlaryň hassahanalary doldurmagy bilen, häzirki wagt Duşanbe ölüm howply wirusyň täsirinden sarsylýar.
Gyrgyzystanda COVID-19 güýjeýän wagtynda aýallary we gyzlary maşgaladaky zorlukdan goramak üçin, BMG hem-de Ýewropa bileleşiginiň «Ýagtylyk şöhlesi» inisiatiwasy 200 müň dollar bermegi karar etdi.
Ýene-de ýükle