Azatlyk angliýaly alym, imperiýalary we kolonial uruşlary öwrenýän, ruslaryň we sowetleriň Merkezi Aziýada galdyran yzlaryna aýratyn nazar salýan taryhçy Aleksandr Morrisonyň heýkeller baradaky makalasyny çap etmek bilen, Türkmenistandaky ýadygärlikler barada söhbete başlamagy nazarda tutýar.
Hökümetiň 18-nji iýunda çykaran buýrugyna laýyklykda, şu dynç güni paýtagt Nur-Soltanda, ýurduň iň uly şäheri Almatyda we ýene dört şäherde (Garaganda, Şymkent, Pawlodar we Ekibastuz) goşmaça çäklendirmeler giriziler.
Täjigistanly aýdymçylar, kompozitorlar hem sazandalar ýylyň şu döwürlerinde, il arasynda aýdylyşy ýaly, «toý möwsümine» başlaýardylar. Bu ýyl bolsa olar wagtyň köprägini öz öýlerinde geçirýärler. Täjigistanyň hökümeti köpçülikleýin çäreleri geçirmegi azyndan 15-nji iýuna çenli gadagan etdi.
10 ýyl mundan öň,2010-njy ýylyň iýunynda, Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oşda hem Jalal-Abatda milletara çaknyşyk ýüze çykyp, ganly heläkçilik döredi. Ganly heläkçiligi derňemek boýunça 5500-den gowrak jenaýat işi gozgaldy, ýöne ondan diňe belli bölegi açyldy.
Azatlyk radiosy 2017-nji ýylyň aprelinde we soňra Türkmenistanda "gülençilikde" güman edilip tussag edilen, gazaply gynalandygy aýdylan we ýapyk sudlarda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilen raýatlar, olaryň käbiriniň türmedäki ölümi hakynda maglumat berdi.
Ýene-de ýükle