Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pensilwaniýa ştatynda liderlik demokratik dalaşgär Jo Baýdene geçdi


Demokratik partiýasynyň dalaşgäri Jo Baýden (çepde) we respublikan prezident Donald Tramp. 

ABŞ-da geçirlen prezidentlik saýlawlarynda sesleriň sanalmagy dört esasy ştatda - Arizona, Jorjiýa, Newada we Pensilwaniýa ştatynda dowam edýär.

Iň soňky maglumatlara görä, Demokratik dalaşgär Jo Baýden Jorgiýa ştatynda biraz öňe saýlandy we häzirki respublikan prezident Donald Trampyň ýolbaşçylyk eden Pensilwaniýa ştatynda-da öňde barýar.

Beýleki iki ştat barada aýdylanda, Baýden Arizona we Newada ştatlarynda öňde barýar. Arizonada sesleriň 6 göterimi sanalmaly, Newada ştatynda sesleriň 10 göterimden gowragy. Tramp Demirgazyk Karolina we Alýaskada öňde barýar.

Dalaşgärlere saýlanmak üçin 270 saýlaw sesi gerek. Baýdende indi 253 ses, Trampda 214 ses bar. Pensilwaniýa ştatyndaky ýeňiş 20 sana saýlaw sesini berýär. Şeýlelik bilen, bu ýagdaý Jo Baýdeniň tarapynda galsa, onda onuň 273 sany saýlaw sesi bolar, ýagny ol zerur çäkden geçer. Tramp henizem ýeňiş gazanmak mümkinçiligine eýe olmak ugrunda ýaryşýar, sebäbi entek gaýtadan işlenmeli býulletenler hem galýar.

Tramp garşydaşlaryny galplykda aýyplaýar, ýöne henizem hiç hili subutnama bermeýär. Trampyň ştaby birnäçe ştatda saýlaw netijelerine garşy çykmaga taýýarlanýar.

Netijeleriň resmi taýdan yglan edilmegi, 3-nji noýabrda geçirlen saýlawdan birnäçe hepde soň ýygnanýan saýlaw kollejiniň ses bermeginden soň geçýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG