Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanda ýolagçy awtobusyna hüjüm edildi


Şu gün Pakistanyň Bulujystan welaýatynda ýaragly adamlaryň ýolagçy awtobusyna hüjümi netijesinde 12 adam heläk boldy. Olardan 6 sanysynyň çaga hem aýallardygy aýdylýar.

Ýerli polisiýanyň maglumatyna görä, ol hüjümler deňiz harbylaryny we portuň işgärlerini gatnadyjy iki ýolagçy awtobusyna gönükdirilipdir.

Şu günüň özünde Karaçi şäherinde bolan iki partlamadan hem 4 adam ýogalyp, 50-den gowragy ýaralandy. Partlamany janyndan geçen hüjümçi amala aşyrypdyr.

Partlamanyň jogapkärçiligini entek hiç topar öz üstüne almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG