Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda dini guramanyň 11 agzasy azatlykdan mahrum edildi


Sişenbe güni Täjigistanyň sudy kanun taýdan gadagan edilen ekstremistik dini guramanyň 11 sany agzasyny dürli möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.

Ýurduň Sogd oblastynyň sudy bu aýyplanýanlary ilat arasynda etniki we dini duşmançylygy öjükdirmekde, şeýle hem Täjigistanyň kanuny hökümetini zorluk bilen agdarmaklygy planlaşdyrmakda günäli tapdy.

Geçen aý hem Täjigistanyň sudy ekstremistik “Hizb-ut-Tahrir” guramasyna agzalykda güman edilýän adamlardan 11-sini uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edipdi.
XS
SM
MD
LG