Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl - Müsür serhedindäki gaz terminaly partladyldy


Şu gün Ysraýyl bilen Müsüriň serhedindäki tebigy gaz terminalynda partlama boldy.

“Associated Press” agentliginiň resmilere salgylanyp aýtmagyna görä, "Al-Sabil" terminalynyň partladylmagyndan soň, Müsüriň Ysraýyla we Iordaniýa barýan gazgeçirijisi ýapylypdyr.

“Reuters” habar agentliginiň maglumatyna laýyklykda, bu partlamany “ýaragly topar” amala aşyrypdyr.

Müsür öz gazyny Ysraýyla, Iordaniýa we Siriýa eksport edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG