Annaberdi Daňatarow
Alymlar häzir diş ýitirmegiň adamyň ýatkeşliginiň hilini peseldýändigini boýun alýarlar. Norwegiýanyň Trömse uniwersitetiniň alymlary «adamyň ýatkeşlik ukyby onuň dişleriniň ýagdaýy bilen berk baglanyşykly» diýen täsin netijä gelipdirler.
Alymlar topary şwedleriň Umea şäherindäki uniwersitetiň gözegçiligi astynda uzak möhletli halkara «Bertulla» ylmy-barlag proýektine gatnaşýarlar. Ol proýekt 1988-nji ýyldan bäri dowam edýär. Alymlar 23 ýylyň dowamynda meýletinçiler toparyna gözegçilik edip, olaryň akyl ýetirijilik ukyplarynyň üýtgeýşini yzarlapdyrlar. Meýletinçilerde geçirilen gözegçilik dişleriň ýitirilmegi bilen baglylykda adamlaryň ýatkeşliginiň hem aşaklaýandygyny belli edipdir. Ýyllar boýy ýygnalan maglumatlaryň analizi ýatkeşlik ukybynyň adamyň agzyndaky dişleriniň sanyna gönümel bagly bolýandygyny görkezipdir.
«Adamyň nerw sistemasy örän çylşyrymly. Şeýle hem köp organlaryň özara biri-biri bilen berk baglydygy öňden mälim. Şeýle halda dişe edilen her bir täsir derrew kelle beýnisiniň tomografikasynda belli bolýar. Iň elhenç zat – dişiň sogrulmagydyr» diýip, ITAR-TASS agentligi, gerontologiýa unwersitetiniň professory Moda Bergdalýanyň aýdan sözlerine salgylanyp, habar berýär.
Gemrijileriň dişlerini synlan ýapon alymlarynyň hem şeýle netijelere gelendigini aýtmak gerek. Alymlar agzyndaky dişleriň ählisi abat syçanlaryň dişlerini ýitiren syçanalara garanda çylşyrymly ýagdaýlardan aňsat çykalga tapýandyklaryny anyklapdyrlar.
Eger siziň üçin ýatkeşlik möhüm bolsa, onda dişleriňize gowy garaşyk ediň we näsaglan dişiňizi sogurtmaga howlukmaň.
Bulardan başga-da, lukmanlaryň pikirine görä, dişler adamyň başga organlaryna-da täsir edýär. Meselem, aşaky çapgy şekilli dişler – bagra, kiçi azy dişler – garynasty mäzlere, alyn dişler bolsa – bogunlara öz täsirini ýetirýärler. Paradontoz keselçiligi köplenç aşgazanyň we 12 barmak içegäniň ýarasyndan ejir çekýänlerde emele gelýär.
Lukmanlar dişleri aýawly saklamagy maslahat berýärler. Hatda agyzda dişiň kökjagazy hem bar bolsa, häzirki döwrebap tehnologiýa dişiň täzeden dikeldilmegine mümkinçilik berýär.
Annaberdi Daňatarow türkmenistanly lukman.

Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?