Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Panetta goranmak ministri wezipesine hödürlendi


Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama ýurduň Merkezi razwedka agentliginiň başlygy Leon Panettany Birleşen Ştatlaryň goranmak sekretary wezipesine hödürleýändigini yglan etdi.

Onuň ýerine bolsa Barak Obama Owganystandaky amerikan güýçleriniň häzirki komanduýuşisi general Dewid Petreusy bellemekçidigini mälim etdi.

Şeýle-de, amerikan prezidenti ýurduň tanymal weteran diplomaty Rýan Krokeri Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky ilçisi wezipesine bellemekçidigini aýtdy.

Prezident tarapyndan wezipelere hödürlenen bu resmileriň kandidaturasy indi ýurduň Senatynda tassyklanylmaly.
XS
SM
MD
LG