Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” gaz boýunça Aşgabat bilen gepleşik geçirer


Orsyýetde çap edilýän “Vzglýad” atly internet gazetinde, Interfaks habar gullugyna salgylanyp, Turkmenistan bilen “Gazprom” kompaniýasynyň arasynda gazyň bahasy bilen bagly gepleşikleriň, geljekki hepdä planlaşdyrylýandygy habar berilýär. Ýagny öňümizdäki hepdede, Gazpromuň delegasiýasynyň türkmen gazynyň bahasyny kesgitlemek maksady bilen Türkmenistana barýandygyny, Orsyýetiň wise primýeri Igor Seçiniň aýdandygy habar berilýär. Şeýle hem Seçin, Orsyýetiň territoriýasyndan türkmen gazynyň geçirilmegi meselesi boýunça, ýakynda Gazpromuň ýolbaşçysy Alekseý Milleriň, “Türkmengaz” döwlet konserni bilen gepleşik geçirendigini ýatladypdyr.
XS
SM
MD
LG