Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Manas barasynda ABŞ we Gyrgyzystan ylalaşdy


Manas howa harby bazadan Owganystan boýunça operasiýalaryň dowam etdirilmegi hakynda Bişkek bilen Waşingtonyň ylalaşandygy habar berildi. Resmi çeşmelere esaslanyp Bişkekden gowşan maglumata görä, taýýarlanan taslamada, harby bolmadyk ýükleriň Owganysatana iberilmegi hakynda taraplar ylalaşypdyrlar. Ýöne bu bazadan harby operasiýa alnyp baryljakdygy anyk däl. Şu ýylyň fewral aýynda, bazany terk etmek üçin, Bişkek Waşingtona awgust aýyna çenli möhlet belläpdi.
XS
SM
MD
LG