Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus prezidentiniň iň “meşhur” tarapy


Padhol: "Lukaşenko öz totalitarizminiň dolandyryşyň iň gowy usulydygyny ýaňzydýar."
Padhol: "Lukaşenko öz totalitarizminiň dolandyryşyň iň gowy usulydygyny ýaňzydýar."

Iýun aýynyň başynda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Orsýetiň birnäçe köpçülikleýin habar serişdelerine uzak interwýu berdi. Bu söhbetdeşlik Moskwa bilen Minskiň gatnaşyklarynyň belli bir derejede ýaramazlaşan günlerine gabat geldi.

Hususan-da, Belarus Ýewropa Birleşiginiň “Gündogar Hyzmatdaşlygy programmasyna goşulmak bilen, Orsýetiň gaharyny getiripdi. Orsýet öz gezeginde muňa özboluşly jogap edip, Belarusdan alýan süýt önümleriniň importyny togtatdy. Ozallar bolşy ýaly, bu wakalaryň dowamynda-da belorus prezidenti Lukaşenko özüni ýanbermez lider hökmünde görkezmäge çalyşdy. Eýsem, “Ýewropanyň iň soňky diktatory” diýlip atlandyrylýan prezident Lukaşenko mahsus psihologiýanyň aýratynlygy nämede? Azat Ýewropa Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy şu mesele barada belorussiýaly belli syýasy analitik Wladzimir Padhol bilen ýörite söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Jenap Padhol, ýakynda prezident Lukaşenko Orsýetin metbugat wekillerine üç sagatlap interwýu berdi. Onuň bu interwýusyndan käbir bölekler Orsýetiň we Belarusyň käbir gazýetlerinde-de çap edildi. Mälim bolşy ýaly, Lukaşenko özüniň diline gelenini aýdyp goýbermek endigi bilen köp tanalýar. Mysal üçin, ol “Belarusyň halky garyp ýaşar, ýöne bu uzak dowam edip durmaz” diýen ýaly zatlaram aýdyp goýberýär. Orsýetiň “Zawtra” gazetem Lukaşenkonyň soňky interwýusyndan aglaba şular ýaly geň sözleri alypdyr. Siz şol interwýular boýunça prezident Lukaşenko barada nähili netijeleri çykardyňyz?

Wladzimir Padhol: Men onuň öz dilinden bir zatlary sypdyrandygy bilen ylalaşamok. Meniň pikirimçe Lukaşenko öz aýdýan zatlaryny gowy pikirlenip aýdýar. Soňky interwýuda-da Lukaşenko özüniň prezident saýlanmagynyň yzy bilen Hudaýa ynanyp başlandygy barada ilkinji gezek boýun alyp gürrüň edýär. Onuň aýdyşyna görä, başda ol prezidentlige saýlananda muňa ykbalyň bir tötänligi hökmünde garapdyr, ýöne indi ol şondan soň Hudaýa uýup başlandygyny we öz güýjüniňem Hudaýdan gelýändigine ynanýandygyny ilkinji gezek boýun alyp aýdýar. Mundan daşary ol Orsýeti dolandyrmakda özüniň Putine we Medwedewe kömek etmäge-de taýýardygyny aýdýar. Bu onuň ýöne bir dilinden söž sypdarmasy däl. Ol özüni Orsýetiňem hökümdarynyň rolunda gorýär.

Azatlyk radiosy: Jenap Padhol, siz Lukaşenko bilen Putiniň öz aralarynda biri-birlerine dostlarça “sen” diýşip ýüzlenýändikleri barada aýdylýanlara nähili garaýarsyňyz?

Wladzimir Padhol: Siz bu baradaky sitatanyň esasynda olaryň gatnaşyklary barada anyk bir zat aýdyp bilmeseňiz gerek. Rugsat berseňiz, men bu barada has bir aýdyň mysal getireýin. Lukaşenko Orsýetiň Soçi şäherinde Medwedew we Putin bilen duşuşanda, şol duşuşygyň yzy bilen metbugat konferensijýasyny beripdi. Şol metbugat konferensiýasynda ol “Putin ikimiziň dostlukly gatnaşyklarymyz bar. Biz bile diwara oboý ýelmemek ýaly işlerem ediberýäris. Men oňa çaý demläp ber diýsem, ol maňa çaý demläp berýär, ýa ol maňa çaý demläp ber diýse, men oňa çaý demläp berýärin” diýip gürrüň berdi. Lukaşenkoda şular ýaly ýerliksiz gürlemek ýaly gödek häsiýet bar. Onuň pikiriçe kimdir-birine “siz” däl-de “sen” diýip ýüzlenmeklik şol adama ýakynlaşmagyň alamaty. Bu bir özboluşly kolhoz mentaliteti.

Beýleki tarapdan, Lukaşenko zehinli aktýora ýa-da duýgur psihologa meňzeşlikde ýagdaýyň talabyna görä oýun gurnamagy hem gowy görýär. Umuman onuň şu gylyk-häsiýetlerinden netije çykaryp aýtsak, ol özüni artykmaç saýýar. Ol özüni Putinden hem, Medwedewden hem, ähli demokrat syýasatçylardanam ýokary tutýar. Onuň interwýusynda ýene bir täsin jümle bar. Ol “Biz pyçagyň kesgiriniň üstünde oturan ýaly ýagdaýda. Ýagny biziň çep tarapymyzda, ýagny Günbatar tarapymyzda demokratlar, sag tarapymyzda, Orsýet tarapymyzda-da demokratlar ýerleşýär” diýýär. Şeý diýmek bilenem Lukaşenko öz totalitarizminiň dolandyryşyň iň gowy usulydygyny ýaňzydýar. Hakykatynda ol göni şony aýdýar. Putin bilen baglanyşykly “siz-senli” meseläni gozgamak bilen bolsa Lukaşenko hakykat ýüzünde özüniň beýikligini Putiniň hem boýun alýandygyny nygtaýar.

Azatlyk radiosy: Siziň pikiriňizçe, prezident Lukaşenkonyň özüni şeýle terzde alyp barmagy ýörite bir taktikamy ýa filosofiýamy?

Wladzimir Padhol:
Bu ýöne bir filosofiýa hem bolman, eýsem syýasatçy hökmünde onuň özüni goramak instinktem bolup durýar. Baryp ýatan awtoritar diktator bolmak bilen bir wagtda ol döwlet dolandyryşynda yzygiderli ýalňyşlyklary-da goýberip gelýär. Mysal üçin, Orsýet bilen söwda gatnaşyklary Belarusda ýüzden gowrak süýt önümleriniň täze kombinatlarynyň gurulmagyna getirdi. Indi olaryň kime geregi bar?

Lukaşenko yzygiderli ýagdaýda özüniň şuňa meňzeş ýalňyşlyklaryň gözbaşydygyny gizlemeli bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de ol yzygiderli ýagdaýda nähilidir bir dildüwşikler baradaky wakalary toslap tapmak bilen, özüni halasgär ýa-da iň bir parasatly çykalga tapyjy edip görkezmäge çalyşýar. Şular ýaly toslama wakalaram oňa "men iň artykmaç adam" diýmäge mümkinçilik berýär. Eýsem, ol näme üçin garaşsyz media garşy şeýle jany-teni bilen göreş alyp barýar? Sebäbi garaşsyz media oňa “Sen pylan ýerde bir zat diýipdiň welin, bu ýerde sen başga zat diýýäň” diýip, onuň hakyky ýüzüni açjak.
XS
SM
MD
LG