Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gark bolan türkmen studentiniň jesedi tapyldy


Gyrgyzystanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrliginiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, 23-nji iýunda Alametdin etrabyndaky “Ýyly çeşmede” suwa gark bolan, Bişkekdäki Strategiki Informasiýalaryň Tehnologiýasy Institutynyň türkmenistanly studenti, 1987-nji ýylda doglan Baýram Ataýewiň jesedi tapylypdyr hem-de Alametdin regionunyň içeri işler bölümine tabşyrylypdyr. Suwa düşmäge baran şol institutyň başga bir türkmenistanly studenti, 1986-njy ýylda doglan Gulajanow Muhammediň jesedi ozal tapylypdy.
XS
SM
MD
LG