Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet we NATO harby hyzmatdaşlyk boýunça ‘ylalaşdylar’


Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow
Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Orsýet we NATO harby hyzmatdaşlyga dowam etmek barada ylalaşdylar diýip NATO-nuň Baş sekretary Ýaap De Hup Skeffer aýdýar.

NATO-nuň Daşary işler ministrleri we Orsýetiň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, gepleşikler geçirmek uçin 27-nji iýunda Gresiýanyň Korfu adasynda duşuşanlaryndan soň bu beýanat edildi.

De Hup Skefferiň aýtmagyna görä, gatnaşyklaryň täzelenmegine garamazdan, NATO bilen Moskwanyň Gürjüstan boýunça garaýyşlaryndaky “düýpli tapawutlyklar” öňküligine galýar.

Lawrow, söweşden soň Gürjüstanyň bölünip aýrylan regionlary bolan Abhaziya we Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny Orsýetiň ykrar etmeginiň “üýtgedilip bolmajakdygyny” belläpdir.

Geçen ýyl Gürjüstandaky bolan söweşden soň, gatnaşyklar Sowuk uruşdan soňky iň pes derejä düşüp, 27-nji iýundaky gepleşikler şol wakadan bärdäki iň ýokary derejeli duşuşyk boldy.

Şol gepleşikler, Ýewropanyň iň uly howpsuzlyk we adam hukuklary boýunça topary bolan Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) duşuşygynyň çäklerinde hem geçirilýär.

Ýaramazlaşan gatnaşyklar

Bölünip aýrylan region bolan Günorta Osetiýa sebäpli Gürjüstan bilen Orsýetiň arasyndaky geçen ýylky bäş günlik söweş barada NATO öz howatyrlanmalaryny beýan edeninden soň, Moskwa bu ýaranlyk bilen gatnaşyklaryny kesipdi.

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama ýanwar aýynda Ak Tama geçeninden soň, gatnaşyklar gowulaşyp başlady. Şonda NATO-nuň ilçileri Orsýetiň NATO-Orsýet geňeşindäki wekili bilen duşuşypdy. Şol geňeş öňki Sowuk uruş bäsdeşleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2002-nji ýylda döredilipdi.

Emma resmi harby gatnaşyklar başladylman galdy. Orsýet, NATO agzasy bolan ABŞ, Fransiýa we Germaniýa ýaly ýurtlar bilen döwletara hyzmatdaşlyk edip, Owganystandaky halkara güýçleriň üpjünçiligi üçin öz demir ýol aragatnaşygyny ulanmaklaryna ygtyýar berdi. Somaliniň deňiz kenaryndaky garakçylyga garşy bilelikdäki gözegçilik döwründe, Orsýetiň harby deňiz güýçleri hem birnäçe NATO agzasy döwletiň harby gämileri bilen işleşdi.

Tirsegine ýeten şikes sebäpli şypa alýan ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton, Korfu duşuşygyna gatnaşmaýar. Onuň ýerine orunbasary Jim Şteinberg barar.

Bu gepleşikler Obamanyň Moskwa saparynyň iki hepde öňisyrasy geçirilýär. Şol saparyň dowamynda, harby hyzmatdaşlygy doly we resmi taýdan täzeden başlatmak üçin taraplaryň ylalaşyk gazanmagyna garaşylýar.

‘Täze howpsuzlyk arhitekturasy’

NATO-Orsýet duşuşygy, Wenada ýerleşýän Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (OSCE) Daşary işler ministrleriniň duşuşygynyň öňisyrasy geçirilýär.

Guramanyň wagtlaýyn başlyklygyny alyp barýan Gresiýanyň Daşary işler ministri Dora Bakoýannis, şu hepdedäki ÝHHG we NATO-Orsýet duşuşyklarynyň ikisinde hem özüniň pozitiw gepleşiklere umyt edýändigini aýtdy. Sergeý Lawrow, Ýewropada “täze howpsuzlyk arhitekturasy” boýunça Orsýetiň teklibini hödürlär diýip, Bakoýannis malim etdi.

Habarlara görä, 56 agza döwleti bolan ÝHHG-niň Daşary işler ministrleri, ÝHHG-niň Gürjüstandaky edarasynyň mandatyny uzaltmak boýunça gepleşikler geçirerler. Şol mandatyň möhleti 30-njy iýunda dolýar.

Moskwa tarapyndan garaşsyz diýlip ykrar edilen Günorta Osetiýada aýry misiýa açylmagyny öňe sürýän Orsýet, bu mandatyň täzelenmegine böwet goýupdy.

Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatyna görä, 27-nji iýunda agşamlyk nahary bilen açylan duşuşyk, 28-nji iýunda Ýewropa Birleşiginiň ministrleriniň Eýran boýunça gepleşikleri bilen dowam eder.
XS
SM
MD
LG