Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda Britan ilçihanasynyň 8 işgäri saklandy


Beýik Britaniýanyň Tährandaky ilçihanasynda işleýän 8 adam saklanypdyr. Olara 12-nji iýundaky prezident saýlawlaryndan soňky protest aksiýalaryna gatnaşmakda günä bildirilýär.

Eýranyň Fars agentliginiň maglumatyna görä, saklanan 8 adam ýakynda bolan bidüzgünçiliklerde aktiw rol oýnapdyr. Şeýle tassyklamanyň haýsy edara ýa-da maglumata esaslanýandygy barada hiç hili habar berilmeýär.

Eýran häkimiýetleriniň bu hereketleriniň, Tähran bilen Londonyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ýaramazlaşmagyna getirip biljekdigini synçylar belleýärler. Ýakynda taraplaryň ikisi-de birnäçe diplomaty ýurtdan çykarypdy.

Ahmedinejat ýeňiji yglan edilenden soň başlanan köpçülikleýin protest hereketlerini goldamakda, Eýran günbatar ýurtlaryny, ylaýta-da Beýik Britaniýa bilen ABŞ-ni aýyplady. London we Waşington şol bildirilýän günäni ret edýär.
XS
SM
MD
LG