Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň Orsýete bergisi maslahatlaşylýar


Şu gün Ukrainanyň Orsýetiň gazy üçin bergilerini tölemegine ýardam bermek meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ukrainanyň we Orsýetiň resmileri bilen birlikde halkara kredit banklarynyňdyr institutlarynyň wekilleri Brýusselde özara maslahata ýygnandylar. Ýewropa Komissiýasynyň gurnan bu maslahaty, Ukrainanyň energiýa boýunça töleg problemalaryny çözmekligi maksat edinýär. Häzirki wagtda, Ukraina şu iýun aýyndaky ulanan gazy üçin Orsýete 300 million dollar bergili bolup dur. Mundan daşary gyşyň gelmezinden öň öz ýangyç ammarlaryny gaz bilen doldurmak üçin Kiýew özüne 4 milliard dollar töweregi kreditiň hem zerurdygyny aýdýar. Ýakynda Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy tölegli meseläni öz wagtynda çözmek maksady bilen Ukraina satýan gazynyň bahasynyň her aýda tölenmegini Kiýewiň öňünde şert edip goýdy.
XS
SM
MD
LG