Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejat Nedanyň ölümini derňemäge çagyrdy


Şu gün Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat, ýurdyň ýokary sudýasyny ýakynda protest çykyşlary wagtynda öldürilen zenan Neda Agha Soltanyň ölümi bilen baglanyşykly wakany anyk derňemeklige çagyrdy.

Ýokary suduň sudýasyna ýazan bu baradaky hatynda, prezident Ahmedinejat Neda Agha Soltanyň näbelli adamlar tarapyndan örän gümürtik ýagdaýda öldürilendigini we Eýranyň duşmanlarynyň bu wakany Eýran döwletiniň abraýyny pese gaçyrmak üçin ulanýandyklaryny belläpdir.

Hanym Agha Soltan 20-nji iýunda Tähranda prezidentlik saýlawlarynyň netijesine protest bildirilip geçirilen demonstrasiýa wagtynda, protestçiler bilen polisiýa güýçleriniň çaknyşan pursaty atylyp öldürilipdi. Onuň ölüm pursatyny görkezýän wideo ýazgyny internet arkaly millionlarça adamlar gördüler.
XS
SM
MD
LG