Yragyň dürli şäherleriniň we obalarynyň ilaty, amerikan güýçleriniň bu şäherlerdendir obalardan çykarylmagyna uly şowhun bilen taýýarlyk görýärler. Ikitaraplaýyn ylalaşyga görä, amerikan güýçleri 30-njy iýuna çenli Yragyň şäherlerinden we obalaryndan doly çykarylyp, ilatly punktlardan daşarda ýerleşdirilmeli. Bu wakany şu gün eýýäm Bagdadyň ýaşaýjylary şäheriň Zawra parkynda uly şatlyk-şagalaň we aýdym-saz bilen garşy aldylar. Bu wakanyň hatyrasyna 30-njy iýun güni Yrakda “milli baýram” güni diýlip yglan edildi. Amerikan güýçleriniň Yragyň ilatly punktlaryndan çykarylmaklary bilen baglanyşykly bu çäre 2011-nji ýylyň ahyryna çenli Birleşen Ştatlaryň harbylaryny Yrakdan doly çykarmak planlarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Iň köp okalan
1